“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 28.08.2023 - 08.09.2023

14:22 29.08.2023 2331

Şertnamanyň goşmaça ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy aşakdaky lotlar boýunça №2023/18 belgili tender yglan edýär:

Lot №1 - Tehniki şertlere laýyklykda tor enjamlaryny satyn almak;

Lot №2 - Tehniki talaplara laýyklykda elektron awtomatiki stabilizatorlary satyn almak, olary gurnamak we bejermek.

Tendere gatnaşmak üçin Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna:

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

2. Tenderiň tehniki talaplaryny almaly.

3. Bäsleşik teklipleri bildiriş «Nebit-Gaz» gazetiniň «www.oilgas.gov.tm» saýtynda çap edilen gününden başlap 10 (on) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär. 

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada goşmaça maglumatlar we tenderiň şertlerini almak üçin 745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, T.Satylow köçesi, kw 150, jaý 59 salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz. 

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy

Telefon belgisi: +993 222 6 43 66.

Elektron salgysy: tatneft.tender@mail.ru

Tehniki soraglar boýunça habarlaşmak üçin: +993 62 60 07 11

Elektron salgysy: IgnatevGR@tatneft.tatar

Başga makalalar