Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleri ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň meselelerini maslahatlaşdylar

20:49 16.10.2020 8749

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/906/original-15f89451ab27d1.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek boýunça özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde häzirki wagta çenli bu ugurda uly işler amala aşyryldy, möhüm resminamalara gol çekildi, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Bu möhüm ähmiýetli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, gürrüňsiz, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna kuwwatly itergi berer, iri möçberdäki daşary ýurt maýalaryny çekmäge ýardam eder. Bularyň ählisi umumy abadançylyga hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde TOPH taslamasyny amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işiň aýdyň netijeleri berjekdigine ynam bildirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga alan ugruny nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar.

Öz tarapyndan, Türkmenistan maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilende hindi kompaniýalaryna goldaw bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalygy, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini çykarmak ýaly ulgamlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine garamaga çagyrýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biziň ýurtlarymyzyň eýýäm şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýedigi bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, «Türkmenderman Ajanta Farma Limited» bilelikdäki türkmen-hindi kärhanasyny anyk mysal hökmünde görkezdi we saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind dünýä bileleşigi üçin örän uly wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem degip geçdiler. Türkmen Liderimiz COVID-19-yň giňden ýaýramagynyň ähli ýurtlar üçin uly howp döredýändigini hem-de bitewülige, raýdaşlyga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, täze çemeleşmelere esaslanýan toplumlaýyn çäreleri talap edýändigini belläp, özara goldawyň hem-de umumy tagallalary birleşdirmegiň koronawirus ýokanjyna garşy göreşde üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hindistany hakyky dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtap, dostlukly döwletiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Başga makalalar
162ecc1da1b268.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» atly Halkara forum geçiriler

6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2022» atly Halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Forum gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanýar.


162f10dbbd1aaf.jpeg
Garabogaz — ýurdumyzyň himiýa hazynasy

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakasy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem örän ähmiýetlidir.


167adbafc1a169.jpg
“Uzynada” känindäki nobatdaky guýudan uglewodorodlaryň senagat akymy alyndy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Uzynada» känindäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizdiler. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.


162f0a433a01ce.jpeg
Birža söwdalarynda Türkiýä we Owganystana awtobenzin hem-de dizel ýangyjy satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.


162eb79675102c.jpeg
OPEC+ ýurtlary sentýabrda nebit çykarmagyň çägini günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy karar berdiler

OPEC+ ministrleri sentýabrda nebit çykarmagyň çägini günde 100 müň barrele çenli artdyrmagy karar berdiler diýip, çarşenbe güni Interfaks wekiliýetleriň birindäki çeşmesine salgylanyp habar berdi.