Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy energetikany uzak möhletleýin geljekde ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belledi
12:15 24.10.2023 6952
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Lýuksemburgda «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» atly 19-njy ministrleriň duşuşygynda eden çykyşynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we uzak möhletleýin maksatly özara gatnaşykda ileri tutulýan ugurlary görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.
ÝB bilen ykdysady hyzmatdaşlyk barada soraglar nygtaldy. Şunuň bilen balylykda, ministr sebitara söwda-ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygynyň möhümligini nygtady. Ol üstaşyr baglanyşyklary berkitmekde we Merkezi Aziýada hususy pudagy ösdürmekde ÝB-niň goldawyny belläp geçdi.
energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada durup geçen türkmen diplomaty, energiýa çeşmeleriniň daşalmagynyň Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Hazarüsti gazgeçirijisi arkaly Ýewropa gaz eksportyny giňeltmäge hem-de ekologiki taýdan arassa we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Şu nukdaýnazardan daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iki rezolýusiýany ýagny, durnukly ulag we energiýa çeşmeleriniň hereketi baradaky kararlaryny goldamaga çagyrdy.
Şeýle hem daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy meselesinde durup geçdi we bu ugurda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de işleşmegiň möhümdigini nygtady.
Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän täze ulag baglanyşyklary döretmegiň möhüm ornuny belläp, R.Meredow Hazar deňzi - Gara deňiz ýoluny ösdürmek üçin köptaraplaýyn tagallalara aýratyn ünsi çekdi. Ulag aragatnaşygyny mundan beýläk has hem berkitmek maksady bilen 2024-nji ýylda Türkmenistanda ýokary derejeli duşuşyk geçirmek teklip edildi.
Ministr Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegini azaltmak baradaky ygrarlylygyny tassyklady. «Ýaşyl guşak» ýaly milli maksatnamalar barada çykyş etdi we döwlet Baştutanynyň howanyň üýtgemegi meselesini çözmek üçin Aşgabatda Howa tehnologiýalary sebit merkezini döretmek baradaky teklibi bilen tanyşdyrdy.
Sözüniň ahyrynda ministr saglygy goraýyş we sanly ykdysadyýet ýaly dürli pudaklarda özara gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçiliklere ünsi çekdi.
Lýuksemburgda geçirilen ministrler duşuşygynyň netijesinde ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin Bilelikdäki Ýol kartasy, şeýle hem ÝB-Merkezi Aziýa ministrleriniň
19-njy duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Formata gatnaşyjy ýurtlar, 2024-nji ýylda “Merkezi Aziýa - ÝB” ministrliginiň indiki ýubileý duşuşygynyň Türkmenistanda geçirilmegini goldadylar.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.