Türkmenistan we Özbegistan 2023-2024-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk «Ýol kartasyna» gol çekdiler
12:24 02.11.2023 10448
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredow we B.Saidow 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Resminama gol çekmek dabarasy 1-nji noýabrda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisiniň çäginde geçirildi.
“Ýol kartasy” Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ýokary derejeli saparlaryň dowamynda gazanylan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň amaly taýdan ýerine ýetiriliş möhletini kesgitlemek üçin işlenilip düzüldi.
Resminama, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki hereketleri hem-de energetika, ulag-logistika, şeýle hem suw hojalygy pudagy we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlary göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Şenbe güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi energetika ulgamynda Aşgabadyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşygynda Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Türkmenistan we Singapur birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe — DIM
Türkmenistan we Singapur dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdiýewiň Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halime Ýakoba ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.