Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri Täze ýyly batly gadamlar bilen garşylaýarlar
20:50 23.12.2023 4572
Täze ýyl - şu güni we geljegi, gazanylan üstünlikleri we täze meýilnamalary birleşdirýän baýramçylyk. Taryhyň gatyna girýän 2023-nji ýyl ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri üçin nähili ýyl boldy diýlip soralsa, onuň batly gadamlarynyň we baý mazmunynyň ulu üstünlikleri ugur edinip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan uly wezipelerini amala aşyrmaga gönükdirilendigini ynamly aýtmak bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň 2023-nji ýylda geçirilen ilkinji mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny has-da artdyrmak üçin täze nebitli ýataklary gözläp tapmagyň we işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Milli ykdysadyýetiň esasy daýanjy hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmegiň zerurlygy barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda hem belledi. Şonda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde birnäçe anyk wezipeleri goýdy. Olaryň hatarynda: Türkmenistan – Owganystan- Pakistan- Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamak, daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly bolan toplumlaryny özleşdirmäge we önüm çykarmak boýunça iri taslamalara çekmek, täze tehnologiýalary ösdürmek hem-de burawlamagyň tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmek işleri bar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede düýpli gaýtadan işlemegiň çygryny giňeltmegiň, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de seýsmiki gözleg we geologiýa-gözleg işlerinde öşdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmagyň möhümdigini aýtdy.
“Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
19-njy ýanwarda döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan Mary welaýatyndaky “Galkynyş” gaz känine baryp gördi. Hormatly Prezidentimiz bu gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini, onuň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň energetika döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyrandygyny we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtady . Döwlet Baştutanymyz
içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň hemde ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Öňde goýlan wezipeler nebitgaz pudagynyň işgärlerine hereket etmek üçin ýol görkeziji gollanma öwrüldi.
2023-nji ýylda pudagyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi. Şunuň bilen baglylykda “Energiýany tygşytlamak we energiýany netijeli ulanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagynyň ähmiýetini bellemek gerek.
2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaý şäherinde (BAE) geçirilen Türkmenistanyň energetika pudagyna maýagoýumlary çekmek boýunça halkara forum öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmakda, şeýle hem energiýa serişdeleriniň ugradylýan çäklerini giňeltmekde möhüm ädimleriň biri boldy. “Türkmengaz”, “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” HJ hem-de Britaniýanyň GaffneyCline kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralan forumyň baş maksady daşary ýurt maýagoýumlaryny Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ugurlaryna çekmek hem-de energetika pudagyny has-da ösdürmek boýunça sebit dialogyny berkitmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek boldy.
Şol maksatlary amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglylykda 2023-nji ýylda ýangyç-energetika toplumynyň edara-karhanalarynyň birnäçe iri sergilerde tanyşdyrylandygyny bellemek gerek. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi bar. Pudagyň ösüş depginleri bilen tanyşdyrýan giň gerimli sergide ýurdumyzyň senagat ägirtleriniň – Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň eksport we import ugurly täze harytlaryna aýratyn üns berildi, şeýle hem “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly öndürýän önümleri görkezildi.
Ady agzalan döwlet konsernleriniň, şeýle hem “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň 2-5-nji oktýabrda Abu-Dabi şäherinde (BAE) geçirilen hem-de 28 ýurtdan dünýäniň energetika bazarynyň döwletlerini we bilermenlerini birleşdiren ADIPEC -2023 Halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşmagy halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşini alamatlandyrdy.
2023-nji ýylda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ekologiýa meseleleri üns merkezinde saklanyp, nebit we gaz ýataklary işlenip taýýarlanylanda, uglewodorod serişdeleri gazylyp alynanda, gaýtadan işlenende we sarp edijilere ýetirilende ekologiýa we tebigaty goramak boýunça kadalary berjaý etmek boýunça anyk çäreler görüldi. Metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak we onuň ýaramaz täsirlerini ýok etmek boýunça çäreler yzygiderli geçirildi.
Şunuň bilen baglylykda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda gibrid görnüşde geçirilen “Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahaty ýatlap geçeliň. Forumyň işine Türkmenistanyň ministrliklleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň we käbir döwletleriň ilçihanalarynyň, ylmy edaralaryň wekilleri, şeýle hem dünýäniň 30 döwletinden ekologlar we maýadarlar, maliýeçiler we alymlar, analitikler we hünärmen-innowatorlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Dubaýda (BAE) geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň Tarapdarlarynyň 28-nji maslahatynda Türkmenistanyň oňa goşulýanlygy barada resmi beýany ekologiýa gün tertibi babatda giň gerimli işiň netijesine öwrüldi. Biziň ýurdumyz şol borçnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekde halkara bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam eder. Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň şol wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşjakdygyna berk ynanýaryn diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.
Her ýyl geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023” atly Halkara forum ýurdumyzyň energetika pudagy üçin esasy çäreleriň biri bolup durýar. 2023-nji ýylda XXVIII maslahat we sergi 25-27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guraldy. Diňe oflaýn görnüşde bu foruma dünýäniň 49 ýurdundan wekilleriň 700-den gowragy gatnaşdylar. Teleköpri arkaly olara birnäçe döwletiň wekilleri goşuldylar. OGT-2023 halkara sergisinde kompaniýalaryň 70-den gowragy öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Serginiň işlän üç gününiň dowamynda ony 10 müňe golaý adam gelip gördi.
Türkmen energiýa serişdeleriniň eksportyny giňeltmek babatda hem 2023-nji ýyly göreldeli ýyl diýip atlandyrmak bolar. Munuň şeýledigine Daşkentde geçirilen YHG-niň Sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-ýurtlaryna iberilýän gazyň we elekrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdanda hem aýdyň göz ýetirmek boldy.
Aşgabatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yragyň wekiliýeti bilen bolan duşuşygynyň jemleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ibermek, satyn almak, satmak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri hakynda Teswirnama gol çekildi. Resminama laýyklykda Yraga ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kubmetri ugradylar.
Taryha girýän 2023-nji ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda Balkan welaýatynda Barsagelmez meýdanynda şu ýyl ilkinji - № 1.32-nji ulanyş guýusynyň gurluşygynyň tamamlanmagyny; Mary welaýatynda Şerepli ýatagynda düzümi arassa we halkara ölçeglerine kybap gelýän gazyň täze akymynyň alynmagyny; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda elektrik energiýasyny öndürmek üçin täze gazturbinaly desgalaryň ikisiniň ulanmaga berilmegini; Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda benziniň we dizel ýangyjynyň öndürilişiniň artdyrylmagyny, В-92 kysymly uçar benzininiň çykarylyp başlanmagyny hem görkezip bolar.
Balkanabatda Nebitgaz ylmy-taslama institutynyň döwrebaplaşdyrylan binasynyň açylmagyny hem ýatlap geçeliň. “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri, şeýle hem “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy noýabr aýynda Galkynyş, Tagtabazar-I we Uzynada ýataklaryndaky guýulardan gazyň senagat akymlaryny aldylar. Şonuň bilen birlikde Uzynada ýatagynda buraw işleri üstünlikli tamamlandy hem-de guýularyň üçüsinden gaz kondensatynyň akymy alyndy.
Nebitgazly ýataklarda ýangyç-energetika toplumyna täze ylmy-tehniki işläp düzmeleri, innowasion tehnologiýalary we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatly çäreler görüldi.
2023-nji ýylyň uly üstünlikleri, nebitgaz pudagyna döwlet tarapyndan uly goldawyň berilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň önjeýli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi täze – 2024-nji ýylda hem ýangyç –energetika toplumynyň wekilleriniň ähli mümkinçilikleri netijeli ulanyp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmagy dowam edip, garaşsyz hemişelik bitarap Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny we durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde ýokary sepgitlere ýetjekligine, täze zähmet ýeňişlerini gazanjaklygyna bolan ynamy has-da artdyrýar.
Baýramçylygyň öňýanyndaky häzirki günlerde pudagyň işgärleri hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Gahrymany Serdar Berdimuhamedowy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowy, ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze 2024-nji ýyl bilen gutlaýarlar.
Goý, Täze ýylyň her bir güni täze üstünliklere beslensin, biziň gazananlarymyz bolsa, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrsyn!
Lebap welaýatynda mineral we sintetiki ýaglary öndürýän kärhana işe girizildi
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň «Abadan» obasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti dünýäniň iň ösen döwletleriniň kämil innowasion enjamlary ornaşdyrylan awtoulaglar we beýleki tehnikalar üçin niýetlenen «Şir ýag» hil nyşanly mineral we sintetiki ýaglaryny öndürýän önümçiligi esaslandyrdy.
Daşkentde senagat, energetika, ulag pudaklarynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçirilen on altynjy mejlisinde taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de senagat ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmegiň, energetika, ulag we üstaşyr daşamak ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
«Türkmengeologiýa» Türkmenistanyň günbatarynda gözleg işlerinni geçirmek üçin «Yug-Neftegaz Private Limited» bilen şertnama baglaşar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli gözleg-barlag işlerini hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
Türkmenistanda sement önümleriniň önümçiligi artdyrylýar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.