Türkmenistanyň Prezidenti halkara nebitgaz forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

09:54 28.10.2020 9484

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/971/original-15f98f95b30e3d.jpeg

«Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!» - diýlip, Aşgabatda geçirilýän ugurdaş sergä gatnaşyjylara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagynda aýdylýar.

Gutlagda bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmaga gönükdirilendir. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegini, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini bu ugurda geçirilýän möhüm işler hökmünde görkezmek bolar.

Häzirki döwürde Garaşsyz döwletimiz Ýewropa, Merkezi Aziýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna «mawy ýangyjy» eksport edýän ýurtlaryň hataryna girýär. Türkmenistan hem-de sebit üçin strategik taýdan möhüm taslama bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilip başlanmagy bu taslama gatnaşyjy döwletlerde gyzyklanmany has-da güýçlendirdi. Bu gaz geçirijiniň gurlup, ulanmaga berilmegi türkmen tebigy gazynyň uly möçberini daşarky bazarlara ibermek bilen bir hatarda, sebitde durnukly ösüşi we parahatçylygy berkitmäge uly itergi berer, ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine möhüm şert döreder.

Ýurdumyz energetika pudagynda däp bolan strategik hyzmatdaşlygy saklamak bilen bir hatarda, Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika babatda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň möçberini artdyrmak babatda köp işler alnyp barylýar.

Bu gün Türkmenistan Watanymyz energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşary ýurtlara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan nebit we gazhimiýa önümleriniň eksportynyň möçberlerini ýylsaýyn artdyrýar.

«Biz ýakynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gaz turbina desgasynyň gurluşygyna badalga berdik. Bu bolsa, öz gezeginde, nebiti gaýtadan işleýän pudagyň geljekde has-da ilerlemegine goşant goşar. Biz tebigy gazy gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmegi ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris. Bu babatda Balkan welaýatynda hem-de Ahal welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen döwrebap gazhimiýa toplumlaryny görkezmek bolar» diýlip bellenilýär.

Bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň has-da artýan döwründe dünýäniň birnäçe döwletleri Türkmenistan bilen energetika babatda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu halkara maslahatyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn – diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

«Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işini ösdürmek babatda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin!» diýip döwlet Baştutany Gutlagyny jemleýär.

Başga makalalar
1688883d0eb25c.jpg
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.


161c4209637482.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparlarynyň jemleri jemlenildi

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan iş duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hökümet wekiliýetiniň şu ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna guralan saparlarynyň jemleri boýunça hasabat berdi.


161c2db65bc7bb.jpeg
2021-nji ýylda açylan nebitgaz ýataklarynyň möçberi 75 ýylda iň az sanlysy boldy — Rystad

2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda nebit-gaz ýataklarynyň açylyşlarynyň geçen 75 ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetmegine garaşylýar. Bu barada energiýa pudagy boýunça seljerme geçirýän “Rystad Energy” kompaniýasy tarapyndan toplanan maglumatlara salgylanyp, Interfaks habar berdi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


161c5d0693368a.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» türkmen gazynyň satyn alnyşyny iki esse artdyrar — RF-niň Türkmenistandaky ilçisi

2021-nji ýylda «Gazprom» tarapyndan Türkmenistandan satyn alynýan gazyň möçberi iki esse artyp, takmynan, 10 mlrd kub metre barar. Bu barada anna güni RF-niň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ýyllyk jemlerine bagyşlanyp, ilçihanada geçirilen metbugat-maslahatynda beýan etdi.