"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” kompaniýasy tender yglan edýär: 25.01.2024 - 07.02.2024

14:56 25.01.2024 2884

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy  inžener-geologik gözlegleri geçirmek üçin hyzmatlary bermek boýunça  №PCT/TKG-SS/2023/004belgili tendere gatnaşmaga çagyrýar.

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
  • arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
  • Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda Türkmenistan, Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81 salgy ýa-da elektron salgy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tender_secretarytkm2@petronas.com.my

Başga makalalar