"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy tender yglan edýär: 21.11.2022 - 05.12.2022
19:43 21.11.2022 3386
"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy kompaniýalary mehaniki ýük ulaglary bilen üpjün etmek hem-de degişli hyzmatlary bermek boýunça №PCT/TPM/2022/012 belgili tendere gatnaşmaga çagyrýar:
№ | Tender № | Tenderiň ady | elektron salgysy |
---|---|---|---|
1 | PCT/TPM/2022/012 | Mehaniki ýük ulaglary bilen üpjün etmek hem-de degişli hyzmatlary bermek | tendersecretarytkm23@petronas.com.my |
Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:
- tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
- arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
- Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);
- degişli iş tejribesiniň sanawy.
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 (on dört) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81 ýa-da tendersecretarytkm23@petronas.com.my elektron salgysy boýunça kabul edilýär.