Hanhowuz “Türkmengaz” DK-nyň senagat kärhanalarynyň bökdençsiz işini üpjün edýär
02.08.24 - 10:08Suw arassalaýjy desgalar Türkmenistanyň iri senagat kärhanalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler. Şeýle kärhanalaryň biri hem – Mary welaýatynyň çäginde ýerleşen Janhowuz desgasydyr. Bu desga eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri Günbatar we Gündogar Şatlyk gaz känlerini, şeýle hem sebitiň beýleki infrasturktura desgalaryny arassa agyz suwy bilen üpjün edip gelýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýäniň energetika ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar
01.08.24 - 15:5831-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika ulgamyna aýratyn üns berildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlary bilen iri taslamalary durmuşa geçirýär
31.07.24 - 14:5729-njy iýulda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň ADNOC (Birleşen Arap Emirlikleri) we Hyundai Engineering Co. Ltd. (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen nobatdaky duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 723 müň dollaryndan gowrak boldy
30.07.24 - 09:20Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Galkynyş” käninde täze guýulary burawlamak üçin enjamlary satyn almagy tabşyrdy
29.07.24 - 10:3226-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
27.07.24 - 15:2326-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.
KIOGE 2024: Nebit-gaz pudagynyň geljegi
26.07.24 - 17:582024-nji ýylyň 25-27-nji sentýabry aralygynda Almaty şäherinde iň uly senagat çäresi - 29-njy Halkara “Nebit we gaz” halkara maslahaty we sergisi - KIOGE 2024 geçiriler. Bu barada minmag.kz. habar berýär.
1978-nji ýyldan bäri nebitgaz pudagyndaky sergi
26.07.24 - 17:57Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrligi, RF-niň Söwda ministrliginiň goldawy bilen, Expocentre JSC tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat palatasy tarapyndan nebitgaz sergisi gurnalýar. Bu barada www.neftegaz-expo.ru habar berýär.
«Türkmengaz» DK-nyň döredijilik topary «Altyn Garagöz» atly halkara bäsleşiginiň kümüş baýragyna mynasyp boldy
23.07.24 - 09:20«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» topary Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen «Altyn Garagöz» atly folklor tansynyň 36-njy halkara bäsleşiginde 2 orny eýelemegi başardy.
Şaşka bäsleşigi
23.07.24 - 09:05Aklar başlaýar we utýar
Nebitgazçy türgenleriň üstünligi
23.07.24 - 09:152024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň erkin göreş boýunça türgenleri, Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Afis Weliýewiň taýýarlamagynda, iýul aýynyň 5 — 7-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde birnäçe döwletiň gatnaşmagynda «Kaýrat Buhanow» ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen erkin göreş boýunça ýaryşa gatnaşdylar.
Bagtdan paýly ýaşlar
23.07.24 - 13:43Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi kalplarda ýagşy ýatlamalary galdyrdy.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 70 müň dollaryndan gowrak boldy
22.07.24 - 12:28Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistan we ADNOC gaz ulgamynda taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy
22.07.24 - 09:3220-nji iýulda “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri hem-de Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Sultan Ahmet Al-Jaber bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalaryň kuwwatyny artdyrmagy tabşyrdy
20.07.24 - 22:1819-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.