Makalalar
1613f66234bbca.jpeg
Maksat — möwsüme taýýarlykly barmak
14.09.21 - 00:54

Güýz-gyş pasyllary ilatly ýerleri we önümçilik düzümini tebigy gaz bilen üpjün etmek işi bilen meşgullanýan hünärmenler üçin jogapkärli döwür hasap edilýär. Şol aýlarda ýangyjyň sarp edilişiniň artmagy olaryň hyzmat edýän ulgamynyň sazlaşykly we bökdençsiz işlemegini talap edýär.


16136f194d7733.jpeg
Iri kärhanada işler ilerleýär
07.09.21 - 14:59

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda benzin öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 158,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle oňyn görkezijiler beýleki geçginli önümleri öndürmekde-de gazanyldy. Olaryň arasynda dizel ýangyjy, agyr wakuum gazoýly, ýol bitumy hem bar. Munuň özi iri kärhananyň agzybir işgärleriniň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna uly zähmet sowgatlary bilen barmak barada beren sözlerinde abraý bilen tapyljakdyklaryndan habar berýär.


16136f1d24478d.jpeg
Zähmet gadamlary batlanýar
07.09.21 - 15:00

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda barha ösüşleriň täze belentliklerine çykýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyny sowgatly garşylamak ugrundaky asylly maksat ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň her birinde zähmet joşgunyny emele getirdi. «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gaz gurluşykçylary hem halkymyzyň baş baýramynyň öň ýanyndaky günlerde her bir iş gününi üstünlikli jemleýärler.


16136f2155887a.jpeg
Göreldeli halypa
07.09.21 - 15:01

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynda indi biregne 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri zähmet çekip gelýän Myrat Mätjikow geçen döwürde müşderilere döwrebap hyzmat etmek bilen birlikde, nebit we nebit önümleri bilen işlemekligiň baý iş tejribesini toplady.


1612e0025dbf57.jpeg
Möwsüme taýýarlyk baş wezipe
31.08.21 - 20:10

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary häzirki döwürde demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, gaz desgalaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda hem depginli işleri alyp barýarlar.


1612e007473471.jpeg
Döwrebap zähmetiň netijesi
31.08.21 - 20:12

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baý döwletleriniň hataryna girmek bilen, ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary üstünlikli durmuşa geçirmekde tutanýerli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýär.


161248dca81e4b.jpeg
Abatlaýjylaryň ynamly gadamlary
24.08.21 - 16:12

Döwleti dolandyrmakdaky pähim-paýhasy, ýiti öňdengörüjiligi ählumumy ykrarnama eýe bolan milli Liderimiz ýurdumyzdaky ýataklardan nebiti çykarmakda döwrebap tehnologiýalary we usullary ulanmak arkaly «gara altynyň» ýeriň jümmüşinden alynýan mukdaryny ýokarlandyrmak, guýulary abatlamak we durkuny täzelemek işlerini öz wagtynda geçirmek, çig nebitiň gaýtadan işleýjilere bökdençsiz ugradylmagyny gazanmak babatda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde belent wezipeleri goýýar.


161248e16bcf6f.jpeg
Türkmen geologlary batly depgin bilen öňe barýarlar
24.08.21 - 16:13

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy (öňki «Türkmengeologiýa» müdirligi, «Türkmengeologiýa» geologiýa-gözleg işleri boýunça önümçilik birleşigi) 1938-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Orta Aziýa geologiýa tresti ýapylandan soň döredildi.


1611b5c0530987.jpeg
Ýangyç-energetika toplumyna iri maýa goýumlary
17.08.21 - 16:49

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär, özgerýär we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar.


1611b5ce673067.jpeg
Watanyň egsilmez güýji-kuwwaty
17.08.21 - 16:53

Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ösen tehnologiýalaryna daýanýan häzirki zaman desgasynyň dabaraly ýagdaýda işe giriziljek güni indi uzakda däl. Ondaky işler ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna deňleşdirmek ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasynyň hünärmenleri we türkmen gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýar.


1611b5d26da5bf.jpeg
Toý sowgatlary saldamly bolar
17.08.21 - 16:54

«Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň işçi-hünärmenleri barha golaýlaşýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler.


1611211d8c5419.jpeg
Tebigy gazyň eşreti
10.08.21 - 15:42

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda döwletimiz tarapyndan bagtyýar halkymyza berilýän eşretleriň biri — «mawy ýangyç» bilen Mary welaýatynyň ilatyny ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün etmek «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylarynyň gündelik esasy maksady bolup durýar.


1610235d5cf321.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy: düzüme maýa goýumlar we innowasiýalar
30.07.21 - 22:34

Ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr.


160ed2b2aa0150.jpeg
Garagumuň giň gollarynyň arasynda
13.07.21 - 15:56

Golaýda Malaý gaz käninde ýene bir guwandyryjy waka bolup geçdi. Baýlyklar mekanynda burawlanan nobatdaky guýudan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu möhüm buýurmany «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň ussat baýlyk agtaryjylary üstünlikli ýerine ýetirdiler.


160ed2b7037fc8.jpeg
Belent sepgitlere galkynan «Galkynyşnebit»
13.07.21 - 15:58

Çelekeniň adybir baýry nebit käninden häzirki döwürde «gara altyn» çykarmagy amala aşyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň zähmetsöýer işgärleri mukaddes Watanymyzyň ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgady bilen barmak maksadynda yhlasly zähmet çekýärler.