Türkmenistanyň Prezidenti ÝTÖB bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

09:32 15.03.2024 4478

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10166/original-165f415756bae6.jpg

Energetika, ulag, oba hojalygy, telekeçilik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri 14-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman bilen geçiren duşuşygynda maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň iri bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem üns çekildi.

Tebigy serişdelere baý döwlet bolan Türkmenistanyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ygrarlydygy nygtaldy. Ýurdumyzda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz we “ýaşyl” bolmagyny üpjün etmek ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistanda durmuşa geçirilýän durnukly energetika taslamalaryna ýa-da täze başlangyçlara Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär.

Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde berk binýat bolup hyzmat edýär. Şunda ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu babatda köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlary işjeňleşdirmegiň, bu ugurdaky kuwwatlyklardan doly peýdalanmagyň wajypdygyna üns çekildi. Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny artdyrmakda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine-de üns çekildi. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň banklarynyň we hususy pudagynyň bu iri maliýe düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Başga makalalar
168393f6d5059f.jpg
Nebit we nebit önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmek boýunça düzgünleri kämilleşdirmek işleri maslahatlaşyldy

29-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


166bc5213a6595.jpg
Raşid Meredow Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

13-nji awgustda Ankarada saparda bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.


16215dce4313b4.jpeg
Russiýanyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiniň gün tertibini maslahatlaşdylar

22-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde rus kärdeşli Sergeý Lawrow bilen 2022-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiniö gün tertibini maslahatlaşdylar.


1621622d9cef70.jpeg
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanda Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäresini tamamlady

Türkmenistanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäresi tamamlandy. Dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak çäresi tamamlanandan soň, iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary geçirilýär. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saýtynda habar berilýär.


162172d52e6c95.jpeg
Lebap welaýatynyň saýlawçylary Türkmenistanyň Prezidentligine Demokratik partiýadan dalaşgär bilen duşuşdylar

Çarşenbe güni Lebap welaýat häkimliginiň maslahatlar zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.