IV. Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne
20:47 23.07.2024 13167

Has iri bölekleýin gurmak-gurnamak işleriniň ýokary netijeliligi Şatlyk gazkondensat käninde subut edilenden soň, bu usul gorlarynyň göwrümi boýunça ägirt uly gaz känleriniň hataryna girýän Döwletabat — Dönmez gazkondensat käninde hem ulanyldy we onuň netijesinde käni özleşdirmek işleriniň wagty iki esse diýen ýaly gysgaldyldy. Bu bolsa halk hojalygyna onlarça million manatlyk peýda getirdi. Känleri özleşdirmegiň bu usuly Üçajy, Seýrap, Malaý, Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy hem-de ulanyşa taýýarlanylýan beýleki gaz we gazkondensat känlerinde ulanyldy.
Döwletabat gazkondensat käni 1974-nji ýylyň ýanwar aýynda 1-nji belgili ölçeg (parametriki) guýudan 2 müň 292 metr çuňlukdan synag işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy bilen açyldy. Döwletabat gurluşy (strukturasy) 1969 — 1971-nji ýyllarda geçirilen seýsmiki gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Gaz ýatagy tektoniki taýdan Gümmezli-Döwletabat gemiantiklinalyna we Bathyz-Garabil monoklinal ýapgydyna degişlidir.
Käni senagat taýdan ulanyşa taýýarlamak üçin gözleg-barlag guýularynyň burawlanmagy bilen neogen-çetwertik, paleogen, hek, ýokary ýura we perm-trias döwürlerinde dörän çökündileriň üsti açyldy.

Döwletabat — Dönmez ýatagy geologik taýdan biri-biri bilen baglanyşykly bolan, şertli ýagdaýda üç sany, ýagny Döwletabat-1, Döwletabat-2 we Döwletabat-3 böleklerden durýar. Bu känler degişlilikde 1982-nji, 1984-nji we 1988-nji ýyllarda guýulary blok ulgamynda ýerleşdirmeklik bilen işläp geçmeklige girizildi.
Döwletabat — Dönmez gazkondensat käni Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär. Ol Ahal welaýatynyň Sarahs we Mary welaýatynyň Ýolöten etraplarynyň çägindedir. Käniň demirgazyk-günbatar golaýynda Sarahs şäherçesi ýerleşip, uzynlygy 18 kilometr asfalt ýol käni şäherçe bilen birleşdirýär. Golaý iri ilatly nokat Tejen şäheri käniň 125 kilometr demirgazyk-günbatarynda bolup, onuň 100 kilometr demirgazygynda Şatlyk, 50 kilometr demirgazyk-gündogarynda «Galkynyş» käni, 40 kilometr günorta-gündogarynda Gurrukbil gazkondensat känleri bar.
Orografiýa nazardan sebit Bathyz baýyrlygynyň demirgazyk-günbatar bölegini, Köpetdagyň gündogar çägini we baýyrlyklaryň Garagum düzlügine öwrülýän bölegini öz içine alýar.
Sebitiň relýefinde düzlügräk ýerler köpräk bolup, käniň günorta tarapynda beýikligi 100 metr aralygynda üýtgeýän baýyrlyklar, demirgazyk-gündogarynda çäge ulgamlarynyň hatarlary ýaýran.
Gazly etrabyň günorta-gündogar tarapynda beýik bolmadyk Garanymbaýyr we Kesikburun gerişleri we beýikligi +475 +653 metre ýetýän we beýleki baýyrlardan saýlanýan Gümmezli, Hangyry, Ajarly baýyrlyklary ornaşan. Demirgazyk-günbatarynda Hor-Hor suw howdanynyň töwereginde relýef birneme tekizlenýär.
Bu käniň işlenip geçilýän şatlyk önümli gatgatlanmasynyň (gorizontynyň) geologik kesimi çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar.

Käniň Döwletabat-1 bölegi kükürtsiz zolakda ýerleşmek bilen gazkondensatlydyr. Ol ýerde gazy taýýarlaýan 3 sany tehnologik desga bolup, olaryň her biriniň öndürijiligi gije-gündizde 5 million kub metre deňdir. Döwletabat-1 böleginiň gazy GIAD-dan (gazy ilkinji arassalaýan desga) Döwletabat-2 käninde ýerleşýän täze gurlan gaz gysyjy desgasyna (GGD) gelýär. Soňra bolsa GGD-den gazy gysmak üçin GGD-2-niň girişine goýberilýär, şeýle hem ol ýerde gaz gutarnykly ýagdaýda guradylýar we arassalanýar.
Döwletabat-2 käninde GIAD-laryň 4 sanysy ((2,3,5,8-nji belgili) ýerleşýär. Taslama boýunça olaryň her haýsysynyň geçirijilik ukyby ýylda 5 milliard kub metre deňdir. Olaryň umumy öndürijiligi ýylda 20 milliard kub metre barabardyr.
Döwletabat-3 käninde GIAD-laryň 4 sanysy ((1,4,7,9-njy belgili) ýerleşýär. Taslama boýunça olaryň her haýsysynyň geçirijilik ukyby ýylda 5 milliard kub metre deňdir. Olaryň umumy öndürijiligi ýylda 20 milliard kub metre barabardyr. Baş desga-2 Döwletabat gazkondensatly käniniň kükürtli böleginde ýerleşýär. Onuň taslama kuwwatlylygy haryt gaz boýunça ýylda 20 milliard kub metre deňdir. Döwletabat-3 känindäki 2-nji Baş desgada GIAD-1,4,7,9 we Gurrukbil käniniň gazy taýýarlanýar. Baş desga-2-de jemi 4 sany kükürtden arassalaýjy bölek (blok) işleýär.
Oraznazar HEŞDEKOW

Gaz üpjünçiliginde bökdençlik bolmaz
Mary welaýatynyň ýaşaýjylary hem «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň etraplaryndaky hem-de şäherlerindäki işlerini döwrebap guraýan gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň tutanýerli zähmeti arkaly «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilýär.

Okgunly ösüşleriň röwşen ýoly
Şu gün şan-şöhrata beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň soňky güni. Ertir ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alynýan täze ýylyň ilkinji güni. Geçen bilen geljegiň arasynda durup, geçilen taryhy ýola nazar aýlamak ynsanda ýakymly duýgulary oýarýar.

Gazçylaryň jogapkärli möwsümi
Häzirki günlerde «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň Mary welaýatynyň şäherlerindäki, etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri ilatyň tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan gyş paslynda «mawy ýangyç» bilen üpjünçiliginde bökdençligiň ýüze çykmazlygy üçin möwsüme taýýarlyk işlerini bellenilen meýilnama laýyklykda ýokary hilli geçirýärler.

Suw gözleýjileriň guwandyryjy netijeleri
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzalary «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen şu ýylyň on aýyny netijeli jemlemek bilen, noýabr aýynyň işlerini guramaçylykly dowam edýärler.

Baýlyk gory artdyrylýar
Gymmatly tebigy baýlygymyzy gazyp almak bilen birlikde onuň gorlarynyň üstüni doldurmak işleri üstünlikli dowam edýär. Bu möhüm işe ruhubelentlik bilen gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýanlaryň hatarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň hünärmenleri hem bar. Baýlyk agtaryjylaryň iş gerimi örän giň. Olar ýurdumyzyň günbatar sebitinde hem gözleg-buraw işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Ýeriň çuňluklaryny burawlap, baýlygymyza baýlyk goşýanlaryň bir toparyna Magtym Mahmudow başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär.