«Nebitçi» nebitçileriň hyzmatynda

04:15 23.07.2024 17466

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11440/original-1669e8db47108d.jpg

Döwletiň berkararlygynyň binýadynyň pugtalygy, döwrebaplygy, ilkinji nobatda, onuň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesine bagly bolup durýar. Ata Watanymyzyň her bir ýaşaýjysynyň sagdyn, şähdaçyk hem-de ruhubelent ýaşamagy, işlemegi we sapaly dynç almagy üçin döredilýän şertler, sözüň doly manysynda, dünýä nusgalykdyr. Bu babatda diňe bir Balkan welaýatynda amala aşyrylan hem-de täze badalga berlen işlere nazar salanyňda hem ruhuň täzelenip, kalbyňa röwşenlik nury çaýylýar.

Türkmen gudratynyň ýene bir jedelsiz güwäsine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Balkan welaýatynyň çägindäki «Mollagara» we «Awaza» şypahanalaryny hem bu buýsançly hakykatyň sanawyna gypynç etmän goşsa bolar.

Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň merkezi şäherinde 1989-njy ýylda gurlup işe girizilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitçi» şypahanasy hem bu gün nebitgaz ýataklaryny tapmak, buraw işlerini alyp barmak, ýer astyndaky uglewodorod çig mallaryny çykaryp, gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan zähmet adamlaryna göreldeli hyzmaty ýola goýmagy başarýan şypahanalaryň biridir.

Bagy-bossanlyga bürenip oturan howludaky birbada 100 adamy kabul etmäge mümkinçiligi bolan bu bäş gatly ymarat daşky binagärlik gurluşynyň ajaýyplygy bilen birlikde, içki lukmançylyk otaglarynyň, ýatak jaýlarynyň, naharhananyň, dynç alyş zallarynyň we beýleki hojalyk düzümleriniň juda zynatlylygy, göwün göterijiligi, ýaraşykly mebeller bilen üpjünçiligi bilen-de tapawutlanyp, şypahana gelýänlere üýtgeşik ruhy lezzet paýlaýar.

2012-nji ýylda düýpli abatlanylyp, içki we daşky durkunyň doly döwrebaplaşdyrylmagy, iş otaglarynyň iň bir häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi bu şypahanada saglygyny berkitmek, dynç almak isleýänleriň sanyny hasam artdyrdy. Iň esasy zat bolsa, bu ýerde nebitçilere, olaryň maşgala agzalaryna lukmançylyk hyzmatlary ýokary hil ülňülerine laýyk alnyp barylýar. Şypahananyň lukmanlary-da, şepagat uýalary hem öz işleriniň hakyky ussatlary. Olaryň süýji dilliligini, güler ýüzlüligini göreniňde, ata-babalarymyzyň «Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa» diýen paýhasly sözi ýadyňa düşýär. Bir başa gulluk edýän halkymyzyň jan saglygyny barça baýlykdan ileri tutýan hormatly Prezidentimize buýsanjyň artýar. Zerur lukmançylyk enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen fizioterapiýa, sirkulýar duş, duş şarko, bişofitli wanna, bejeriş-bedenterbiýe otaglary amala aşyrylýan bejergileriň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýerde dynç alýanlara ginekolog, terapewt we diş lukmanlary hem ýokary hilli hyzmatlary ýola goýýarlar. Balkanabatdaky nebitçileriň medeniýet köşgüniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazlar bilen bu ýerde ýygy-ýygy çykyş etmegi dynç alýanlara çäksiz ruhy lezzet paýlaýar. Sport meýdançasy, hammam, sauna şypahana gelýänleriň hyzmatynda. «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümlerinden ýollanmalar bilen gelýänleri bu ýerde üç wagtyna iň bir ýokary derejede taýýarlanýan milli tagamlar bilen naharlaýarlar.

— Biziň şypahanamyzda saglygyny dikeldip, berkidip hem-de dynç alyp gidýän raýatlarymyzdan gelip gowuşýan minnetdarlyk hatlary az däl. Munuň özi lukmanlarymyzyň, şepagat uýalarymyzyň we gaýry işgärlerimiziň öz gündelik işlerine jogapkärçilikli çemeleşýändiklerine, hünär ussatlyklaryna güwä geçýär. Terapewt lukman Eneke Berdiýewa, şepagat uýasy Aýbibi Hallyýewa, owkalaýjy Ezizmämmet Täçmämmedow, hojalyk işleri boýunça orunbasar Muhammet Meredow dagy yhlasly zähmeti bilen kärdeşlerine görelde bolmagy başarýarlar — diýip, şypahananyň baş lukmany Süleýman Hallyýew buýsanç bilen aýdýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

Başga makalalar
1685955c6b608d.jpg
Halypa hormaty

Ýurdumyzda gaz senagatynyň peýda bolmagyna we bu pudagyň ösüşlere beslenmegine ildeşlerimiziň müňlerçesi gatnaşdy we möhüm işe saldamly goşandyny goşdy. Olar hakynda gürrüň gozgalanda, Murat Hojaniýazowyň ady hem ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Ol köp ýyllaryň dowamynda gaz pudagynda abraý bilen zähmet çekip, täze pudagyň ösüşlere beslenmeginde önjeýli işleri bitirdi.


1643e45a28bc32.jpeg
Gaz akdyryjylaryň gaýratly zähmeti

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň iň iri hem öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçy hünärmenleridir işçileri ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilatynyň, şeýle hem olaryň çäklerindäki edara-kärhanalaryň tebigy gaz bilen üpjün edilmegi üçin ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly «mawy ýangyjyň» hemişe üznüksiz akdyrylmagyny üpjün edýärler.


168504ebc21785.jpg
Işleri ileri gazçylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Saparmyrat Türkmenbaşyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýatyň günbatar etrabynyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde şu ýylyň bäş aýynyň iş meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.


16859559011e6a.jpg
«Gara altyn» kadaly akdyrylýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynyň zähmet toparlary şu günler has-da gaýratly zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylyklarynyň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny täze üstünliklere beslemegi başarýarlar.


16435092ccb20d.jpeg
Döwrebap zähmet çekilýär

Soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi konserniň önümçilik düzümleriniň arasynda hemişe öň hatarda bolmagyň hötdesinden gelýär.