Hökümet mejlisinde 2024-nji ýylyň ýedi aýynda nebitgaz toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
12:59 31.08.2024 3849
30-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, pudaklaýyn düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,6 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 112 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim boldy.
Şunuň bilen birlikde, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan görkezijiler hakynda aýdyldy.
Maýa goýumlar barada maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnama 119,1 göterim ýerine ýetirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň möhümdigini nygtady.
Şunuň bilen birlikde, nebitiň çykarylýan we gaýtadan işlenen nebit önümleriniň möçberini artdyrmak zerurdyr. Döwlet Baştutany gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, häzirden taýýarlyk işlerini geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Wise-premýer täze, döwrebap ugurdaş desgalary gurmak, işe innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly “Türkmengaz” döwlet konserniniň infrastrukturasyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň serişdelerinden we önümçilik kuwwatyndan doly peýdalanmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýanyň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan çäreler tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmaga, ýurdumyzyň sarp edijilerine iberilýän gazyň we eksportyň möçberini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda uly ähmiýeti bolan desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi we resminamany wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Türkmenistan Özbegistan we Täjigistan bilen gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy teklip etdi
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitinde türkmen tarapy gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygyň geljegine garamagy teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde metbugat maslahatynda aýtdy.
Doktor Karolina Milow: «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk — umumy howanyň geljegine goşant»
Durnukly ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen işjeň gatnaşýar. Bu ugurda geçirilýän işleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin biz Halkara hyzmatdaşlygynyň nemes jemgyýetiniň maksatnamasynyň (GIZ) direktory doktor Karolina Milowy redaksiýamyza myhmançylyga çagyrdyk.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan ýylyň ahyryna çenli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikleri geçirer
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitgaz we elektrik energiýasy ulgamynda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garamak boýunça gepleşikleri geçirerler. Bu barada Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.