Türk kompaniýasy Türkmenistanda täze gaz gysyjy desgasyny gurar
04:37 02.09.2024 7286
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi diýip, TDH habar berýär.
Bu desga ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan desgalaryň taslamalaryny milli maýa goýumlaryň hasabyna ýerine ýetirmek maksady bilen gurlar.
Resminama laýyklykda, bu desga üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we gaz gysyjy desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdiler
30-njy awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň duşuşygynyň netijeleri boýunça ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurmak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy boýunça gepleşikleri geçirdi.
Hökümet mejlisinde 2024-nji ýylyň ýedi aýynda nebitgaz toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
30-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.
Türkmenistan we ABŞ ikitaraplaýyn we «С5+1» sebit platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär - DIM
20-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň on birinji tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.