Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen brifingde ekologiýa we “ýaşyl” energetikanyň ösüşi maslahatlaşyldy
11:28 13.09.2024 5632
12-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Çärä Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem çäräniň gün tertibine tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we Türkmenistanda alternatiw «ýaşyl» energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak bilen baglanyşykly meseleler degişli edildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkeziniň geljekki işiniň esasy ugurlaryny we agzalan pudakda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyjynyň ähmiýetini nygtady. Merkeziň esasy maksadynyň Merkezi Aziýa ýurtlary sebitinde howanyň üýtgemegi babatda tehnologiýalary ornaşdyrmakdan we işe girizmekden hem-de sebitiň bu ugurda tehnologik ösüşine ýardam bermekden ybarat boljakdygy bellenildi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko agzalan başlangyjyň daşky gurşawy goramak babatynda öňde goýulan bilelikdäki maksatlara ýetmek üçin tagallalary birleşdirmekde möhüm ädime öwrülendigini nygtady.
Brifingiň dowamynda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we ekologiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri Dubaýda WETEX 2024 halkara sergisine gatnaşýarlar
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde 1-3-nji oktýabr aralygynda BAE-de Dubai World Trade sergi merkezinde geçirilýän “Suw, energiýa, tehnologiýalar we daşky gurşaw” (WETEX 2024) halkara sergisine gatnaşýarlar.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň ýanwar-iýul aýlary boýunça işiniň netijelerine seredildi
Geçen anna güni zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy.
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Serdar Berdimuhamedow türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan jenap Sigeru Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.