Serdar Berdimuhamedow türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi

11:46 03.10.2024 4376

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/12053/original-166fe4bb506323.jpg

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan jenap Sigeru Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly iki halkyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru Isiba tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Başga makalalar
166fe54f0b74ad.jpg
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri Dubaýda WETEX 2024 halkara sergisine gatnaşýarlar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde 1-3-nji oktýabr aralygynda BAE-de Dubai World Trade sergi merkezinde geçirilýän “Suw, energiýa, tehnologiýalar we daşky gurşaw” (WETEX 2024) halkara sergisine gatnaşýarlar.


164ec2cb933832.jpg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň ýanwar-iýul aýlary boýunça işiniň netijelerine seredildi

Geçen anna güni zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.


164ed923a09ba2.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy.


164ec348cdc0d3.jpg
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.


166fe4b73f2819.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Olaf Şolsa we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.