Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi
11:46 03.10.2024 4020
Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Olaf Şolsa we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany hatynda “biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara uly üns berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär we ösdürilýär” diýip belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Gazagystanda geçirilen “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen bagly birnäçe meseleleriň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, özara gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Federal Kansleri Olaf Şolsa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.
Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada döwlet Baştutany 15-nji awgustda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti: geljek ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamynda
Geljek ulag gatnaşyklarynyň utgaşdyrylan ulgamynda. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda eden çykyşynda belledi.