Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda energetika we beýleki ugurlarda täze taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy
16:39 21.02.2025 3302
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17-19-njy fewral aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi A.Nagaşima bilen geçirilen duşuşykda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy boýunça üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn türkmen-ýapon söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy, Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy T.Endo bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek EXPO 2025 Bütindünýä sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň guralmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ugurlarda, şol sanda ulag, gaz we himiýa senagaty pudaklarynda özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesini toplandyklaryny nygtadylar.
R.Jepbarowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy N.Haýaşiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde maliýe we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde we maliýe ulgamynda Ýaponiýanyň ýokary tehnologiki tejribeleriniň orny, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky nebit-himiýa, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada ýakyn geljekde alnyp baryljak iri taslamalar barada aýratyn bellenildi.
Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň orunbasary T.Matsuo bilen geçirilen duşuşykda ykdysadyýet we senagat ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek üçin Ýaponiýanyň tehnologiýalaryndan peýdalanmak, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hyzmatdaşlygyň täze derejede dowam etdirilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Mundan başga-da Ýaponiýanyň eksporty we maýalary ätiýaçlandyryş agentliginde (NEXI) türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen NEXI-niň başlygy A.Kurodanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini, şol sanda NEXI-niň dürli maliýe edaralaryny Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmäge çekmek boýunça işi ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparynyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň «Itochu Corporation», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi Corporation» we «Mitsubishi Heavy Industries» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.