Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
15:27 02.07.2025 5171
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Saparyň çäklerinde Jong Won-ju Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Ol Daewoo E&C-nyň Türkmenabatdaky mineral dökün zawodynyň gurluşygyna gatnaşmagyna döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi we bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyna kompaniýanyň ygrarlydygyny nygtady.
Daewoo E&C-nyň ýolbaşçysy şeýle hem gaz känlerini işläp taýýarlamak, nebithimiýa zawodlarynyň gurluşygy, demir ýol, metropoliten we beýik binalaryň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Jong Won-ju gurluşyk, energetika we senagat boýunça wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow bilen hem duşuşyp, Daewoo E&C-nyň nebithimiýa zawodlarynyň täze taslamalaryna gatnaşmak teklibi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol kompaniýanyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goldaw berýän birnäçe infrastruktura başlangyçlaryna goşant goşmaga gyzyklanýandygyny aýtdy.
Şeýle-de, Daewoo E&C-nyň ýolbaşçysy nebitgaz meseleleri boýunça wise-premýer Batyr Amanow hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen duşuşyk geçirip, kompaniýanyň nebitgaz pudagyndaky täze taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Saparyň dowamynda maliýe we ykdysadyýet boýunça wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ji Gyu Tek bilen duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşyklar koreý işewürliginiň türkmen bazaryna çykmagyny diwersifikasiýa ýoly bilen giňeltmek meselelerine bagyşlandy.
Daewoo E&C-nyň wekili Türkmenistany kompaniýanyň strategik bazarlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi we iş portfelini giňeltmek hem-de ýerli bazara ornamak işlerini çaltlandyrmak niýetini beýan etdi. Kompaniýa sebitdäki ornuny berkidýär we ýolbaşçylyk bilen yzygiderli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy
«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy
Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Muhammed Al Saudyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.