Azerbaýjan Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär – Ilham Aliýew

10:38 29.11.2025 3065

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/15733/original-16927ffcc4f413.jpg

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda bu formata Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen bagly çözgüdi goldandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.

Bu barada azerbaýjan Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatlarynda beýan edýär. Hatlar metbugatda çap edildi.

“Azerbaýjan umumy taryh, din we medeni kökler baglanyşdyrýan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen okgunly ösüş häsiýetine eýe bolan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we onuň gerimini giňeltmäge hemişe aýratyn ähmiýet berýär” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentine iberilen hatda aýdylýar.

Ilham Aliýew bu çözgüdiň giň geografik giňişlikde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýandygyny beýan etdi.

“Duşuşygyň dowamynda geçirilen maslahatlaşmalar, kabul edilen çözgütler ýurtlaryň özara hormat goýmak ruhunda syýasy-ykdysady, ulag, energetika, howpsuzlyk, ynsanperwer ulgam ýaly özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezdi” diýlip hatda aýdylýar.

Gahryman Arkadagymyza iberen hatynda azerbaýjan Lideri: “Biz sebitleýin, hususan-da, umumy taryhy, dini, medeni kökleri bolan Merkezi Aziýa döwletleri bilen okgunly ösüşi häsiýetlendirýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemişe aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, biz doganlyk Türkmenistan, şol sanda sebitiň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça has-da çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga berk ygrarlydyrys” diýip belleýär.

Ilham Aliýew, pursatdan peýdalanyp, 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň başlyklyk etjekdigi mynasybetli gutlap, Türkmenistana we türkmen halkyna rowaçlyklary arzuw etdi.

“Geljek ýyl Türkmenistanda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna çakylygyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Çakylygyňyzy uly höwes bilen kabul edýändigimi beýan edýärin. Doganlyk Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek bu ýokary derejeli duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky, umuman, tutuş sebit hyzmatdaşlygynyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine, onuň täze gözýetimlerini açjakdygyna, sebitiň durnukly we yzygiderli ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn” diýlip hatda bellenilýär.

Başga makalalar
1622aed634ec42.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilişi teleradioýaýlymlarda göni ýaýlymda berler

Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda ses berişlik Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde göni ýaýlymda görkeziler.


1686783d31393a.jpg
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

3-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.


166ebf9ace7458.webp
Aşgabatda OGT – 2024 Halkara maslahatynda pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin çykyş eder

Energetika ulgamynda dünýä belli bilermen we Pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin şu ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” halkara maslahatyna gatnaşar.


1686771c74bde1.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.


1622aecee1b51e.jpeg
Türkmenistanda 11-nji martda Prezident saýlawlaryndan öň «dymyşlyk güni» yglan edildi

Türkmenistanda penşenbe güni ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaryny hödürlemek boýunça saýlawçylar bilen duşuşyklary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň resmi saýty habar berdi.