Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilişi teleradioýaýlymlarda göni ýaýlymda berler
19:39 11.03.2022 11686
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda ses berişlik Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde göni ýaýlymda görkeziler.
Mundan başga-da, Prezident saýlawlarynyň geçirilişi baradaky maglumatlar ýurdumyzyň telewideniýesinde we radiosynda göni ýaýlymda halka ýetiriler.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanyp penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.
Türkmen tarapynyň çakylygy boýunça ýurdumyza Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylar topary geldi. Mundan başga-da, geçiriljek möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüme Türki Döwletleriň Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan hem-de birnäçe goňşy ýurtlardan synçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň goldaw bermeginde synçylar toparynyň ştaby açyldy. Halkara synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, degişli hukuk kadalary bilen kesgitlenilen saýlawlaryň geçirilişine we saýlawlar güni ses berlişiniň barşyna seljermäni amala aşyrmaga degişli ähli şertler döredildi.
Türkmen Lideri şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakadygyny nygtady. Şoňa görä-de, döwlet Baştutany bu saýlawy aç-açan, aýdyň, demokratik, bäsdeşlikli, erkin we guramaçylykly ýagdaýda geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bagly meýilleşdirilen işler bolup biläýjek adatdan daşary ýagdaýlara we hadysalara garşy dessin çäre görmäge mümkinçilik berer.
Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynyň ählisinde ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň, tanymal bagşy-sazandalarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.
Türkmen Lideriniň bellemegine görä, halkymyzyň milli däplerine laýyklykda, saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guralmalydyr. Halkara synçylara ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy hem-de milli gymmatlyklary bilen tanyşmaga ýardam edilmelidir.
Türkmen Lideri şu ýylyň 19-njy martynda bolsa “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäräniň geçiriljekdigini habar berdi. Şu çäreden soň, Kabul ediş merkezinde dabaralar dowam etdiriler diýip, döwlet Baştutany nygtady.
«Türkmennebit» DK «Tatneft» bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konsernine Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Goturdepe nebitgaz ýatagynda iş alyp barmak boýunça goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Türkmenistanda 11-nji martda Prezident saýlawlaryndan öň «dymyşlyk güni» yglan edildi
Türkmenistanda penşenbe güni ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaryny hödürlemek boýunça saýlawçylar bilen duşuşyklary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň resmi saýty habar berdi.
«Mawy ýangyç» Halaç etrabynyň sarp edijilerine bökdençsiz ýetirilýär
«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän esasy wezipeleriň biri hem ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek bolup durýar. Bu günki gün «mawy ýangyjyň» hözirini ýurdumyzyň çetki ilatly nokatlary hem görýär. Obalary we şäherleri gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleriň netijesinde tebigy gaz Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ilatly nokatlaryna hem bökdençsiz ýetirilýär.
Türkmennistanyň Prezidenti Germaniýa bilen «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi we ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar. Bu barada Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar žurnalistlere habar berdi diýip, TOLO news owgan habarlar agentligi habar berýär.