Wladimir Putin Aşgabatdaky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşar
17:01 04.12.2025 3777
12-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde mälim etdi diýip, Interfaks habar berýär.
“Prezidentimiziň 12-nji dekabrda Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär” – diýip, Kremliň wekili aýtdy.
Şeýle hem, ol Prezident Wladimir Putiniň 21-22-nji dekabrda Sankt-Peterburgda boljakdygyny we şol ýerde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçiriljekdigini belledi.
Öň habar berlişi ýaly, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini telefon arkaly doglan güni bilen gutlady we ony 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Wladimir Putin sebitleýin parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmak işinde Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň ägirt uly ornuny aýratyn nygtady.
Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydygyny, ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşykleriň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda guralandygyny belledi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Hytaýda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýärler
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ösdürilýän akademiki alyş-çalşygyň çäginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary häzirki wagtda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde (HNU) okuw-önümçilik tejribesini geçýärler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz “Awazada” BMG-niň maslahatyna taýýarlygyň ileri tutulýan wezipelerini kesgitledi
13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Birinji ýarym ýyllygyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy
Birinji ýarym ýyllygyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine 1-nji awgustdan dynç alşa çykmaga rugsat berdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç alşa çykmaga rugsat berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystandan we Özbegistandan işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.