Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Hytaýda okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler

12:15 03.07.2026 179

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/17279/original-16a4760bd3da32.jpg

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 29-njy iýundan 20-nji iýula çenli Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.

Üç hepdelik tomusky okuw-önümçilik tejribeligi üçin Hytaý nebit uniwersiteti tarapyndan ýörite maksatnama taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, HNGU-nyň talyplary okuw-tejribe barlaghanalary, okuw merkezleri we muzeýleri bilen tanşarlar.

Talyplar şeýle hem Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna, Geologiýa muzeýine, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine, şeýle hem Beýik Hytaý diwaryna baryp görerler. Mundan başga-da, türkmenistanly talyplaryň «Hytaý diliniň esaslary», «Hytaý medeniýeti» atly gysga möhletli bilim kurslaryna, şeýle hem «Ýaşyl energetika we uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitiň we gazyň geljegi» hem-de «Ýüpek ýolunyň çäklerinde energetika hyzmatdaşlygynyň geljegi» mowzuklary boýunça leksiýalara we seminarlara gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Okuw-önümçilik tejribeligi ylym we bilim pudagynda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen 2023-nji ýylda Hytaý nebit uniwersiteti bilen baglaşylan Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama we Ylalaşyga laýyklykda guraldy. HNGU-nyň saýtynda bellenilişi ýaly, bu tejribelik talyplara alan nazary bilimlerini tejribede berkitmek üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Başga makalalar
1631afbf10cfb7.jpeg
ÝB-niň Geňeşi energiýa geçirijileriň bahalaryny we ÝB-niň energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyny maslahatlaşdy

Anna güni Brýusselde energetika boýunça Ýewropa Bileleşiginiň nobatdan daşary Geňeşi geçiriler. Onuň barşynda energiýa geçirijileriň bazarynda ýokary bahalar we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, Brýusselde neşir edilen beýanda aýdylýar.


1631ee1dd4f98d.jpeg
Sekiz aýda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar

2022-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş derejesi 6,2% derejede saklanýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy.


1631ee2f90e82b.jpeg
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we Saud ösüş gaznasynyň ýolbaşçysy ýangyç-energetika toplumynda maýa goýum taslamalaryny maslahatlaşdy

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Saud Ösüş gaznasynyň baş ýerine ýetiriji direktory (CEO) Sultan bin Abdulrahman Al-Marshad bilen duşuşygynda energetika, gaz himiýasy senagaty, oba we suw hojalygy hem-de saglyk saklaýyş ulgamyndaky ösüş boýunça maýa goýum taslamalaryna degişli meseleleri maslahatlaşdylar.


1631ee18a85bdd.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2022-nji ýylyň sekiz aýynda işleriniň netijeleri jemlenildi

Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň geçirdi, onda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


167f4cc15e80ba.jpg
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 1-nji çärýeginde jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim boldy

Türkmenistanda ýanwar-mart aýlarynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu barada 5-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.