“Sinopec” korporasiýasy Türkmenistanyň we Hytaýyň ýangyç-energetika toplumy pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň ösüşine düýpli goşant goşýar
14:35 17.08.2026 122
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin «Sinopec Petroleum Technology Corporation» hytaý nebithimýa korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasyna baryp gördi. Diplomat ýurdumyzdaky kärhananyň önümçilik we hojalyk işleri bilen tanyşdy.
Bu kompaniýa Hytaýyň iň iri nebiti gaýtadan işleýän we nebithimýa kompaniýasy bolan «Sinopec Group-yň» ýöriteleşdirilen golçur kompaniýasy bolup durýar. Ol nebit we gaz çykarmak taslamalaryna guýulary burawlamak, tehniki hyzmat etmek we inženerçilik taýdan goldaw bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.
Saparyň dowamynda ilçi «Sinopec Petroleum Technology Corporation» kompaniýasynyň türkmen şahamçasynyň türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşandyna ýokary baha berdi. Ol Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasy bilen utgaşdyrylmagynyň çäginde açylýan taryhy mümkinçiliklerden peýdalanmagyň zerurlygyny belledi.
«Sinopec» hytaý nebithimýa korporasiýasy Türkmenistanda guýularyň önümliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen nebit hyzmat ediş taslamalaryny durmuşa geçirýär hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň desgalarynda we ýurdumyzyň iri ýataklarynda 1 million tonnadan gowrak nebit çykarylmagyny üpjün etdi.
Amala aşyrylýan nebit hyzmat ediş işleriniň hataryna şular girýär: gyşyk ugurly we gorizontal burawlamak, könelen guýy gaznasyny dikeltmek üçin gapdal sütünleri kesip geçmek we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri.
Hytaý korporasiýasynyň gatnaşýan taslamalary «Türkmennebit» döwlet konserniniň desgalaryny däl-de, eýsem ýurdumyzda birnäçe iri gaz we nebitgaz ýataklaryny hem öz içine alýar.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilişini üpjün etmek üçin ŞHG bilen hyzmatdaşlyga taýýar
Türkmenistan energetika ulgamynda ŞHG bilen yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, gurama agza ýurtlaryň zerurlyklaryny üpjün etmek, geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmäge iş ýüzünde girişmäge teklibini beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Samarkantda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda belledi.