“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

08:03 26.04.2025 4003

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/13873/original-1680b56f64a7b7.jpg

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.

Myrat Arçaýew belleýşi ýaly, dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan bu baýlyklary netijeli ulanmagy maksat edinýär, şol bir wagtda-da daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşmäge aýratyn ähmiýet berýär. Tebigy gazyň pes uglerodly ýangyç bolup, kömür we nebit ýaly has zyýanly çeşmeleri çalşyp bilýändigini nygtady.

Energetiki geçiş, adaty ýangyçdan ýüz öwürmek däl-de, ony durnukly ösüş talaplaryna laýyklykda uýgunlaşdyrmakdyr diýip, çykyş eden Myrat Arçaýew aýtdy. «Türkmengaz» dünýä bazarlaryna arassa energiýa bilen üpjün etmek üçin tebigy gazyň monetizasiýasy ugrunda iş alyp barýar. Tebigy gaza geçmek, ýylylyk gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we howanyň hilini gowulandyrmaga ýardam berýär.

Häzirki wagtda «Türkmengaz» dünýäde gury ýerde ýerleşýän iň uly gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça giň möçberli taslamany durmuşa geçirýär. Bu kän we onuň golaýyndaky «Ýaşlar» hem-de «Garagöl» känleri bilen bilelikde tebigy gaz gorlary 27 trillion kub metre barabar diýip, Myrat Arçaýew aýtdy.

Türkmenistanyň esasy maksatlarynyň biri metanyň zyňyndylaryny azaltmakdyr. COP28 maslahatynda ýurdumyz Bütindünýä Metan Borçnamasyna goşulandygyny tassyklady we häzirki zaman metan gözegçilik hem-de tutmak tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga başlady. BMG we ÝUNEP bilen halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde, 2023–2024 hem-de 2025–2026 ýyllar üçin ýol kartalary işlenip düzüldi. Bu çäreleriň maksady — 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndylaryny 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 30% azaltmakdyr.

2024-nji ýylyň mart aýyndan bäri ÝUNEP bilen hyzmatdaşlykda MARS atly sanly platforma işe girizildi. Ol platforma emeli hemra maglumatlaryny seljerip, metan zyňyndylarynyň çeşmelerini anyklaýar. 2024-nji ýylyň iýunyndan 2025-nji ýylyň fewralyna çenli alnyp barlan gözegçilikleriň netijesinde käbir gaz çykaryjy kärhanalarda nol zyňyndylaryň hasaba alnandygyny Arçaýew aýtdy.

Garaşsyz halkara «Kayrros» kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanda tebigy gaz önümçiligi artandygyna garamazdan, metan zyňyndylary 10% azaldy.

Çykyşynda Arçaýew Derweze gaz kraterinde gazyň ýanma derejesiniň peseldilmegini ekologiýa taýdan jogapkärçilikli çemeleşmäniň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag instituty tarapyndan işlenip taýýarlanan programma üstünlikli amala aşyrylýar.

2024-nji ýylyň iýul aýynda №11 gözleg guýusy özleşdirilip, 200 metr çuňlukdan pes basyşly gaz akymy alyndy. №12 gözleg guýusy täzeden ulanylyp, pes gazly gatlak suwlarynyň çykmagy bilen gaz kraterindäki filtrasiýa akymlaryna we gaz iýmitlendiriş prosesine gözegçilik edilýändigini tassyklady. 2024-nji ýylyň dekabrynda №4 guýynyň buraw işleri tamamlandy, netijede günde 600 müň kub metr çemesi gaz alynýar. Ýakyn wagtda goşmaça guýularyň işe girizilmegi bilen gaz ýygnamak işiniň has-da ýokarlandyrylmagyna garaşylýar.

Emeli hemra maglumatlary Derweze kraterindäki ýanma derejesiniň iki esse peselendigini görkezýär. Bu tejribe serişdeleri dogry dolandyrmak arkaly netijeliligi ýokarlandyryp, daşky gurşawa edýän täsiri azaltmagyň mümkindigini görkezýär diýip, Arçaýew nygtady.

Çykyşynyň dowamynda ol Türkmenistanyň energetika özgertmeleri we ekologiýa jogapkärçiligi boýunça halkara hyzmatdaşlyga açykdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Pariž Ylalaşygynyň, Milli howa üýtgemegi strategiýasynyň hem-de BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýändigini belläp geçdi.

«Türkmenistan diňe bir ýangyç üpjün ediji ýurt däl. Biz durnukly, açyk şertleri we uzak möhletleýin energetika strategiýasyny hödürleýän ygtybarly hyzmatdaş» diýip, Arçaýew aýtdy.

Forumyň şygary bolan «Durnukly, gülläp ösýän we depginli ykdysadyýete maýa goýuň» diýen sözler biziň ýolumyza doly laýyk gelýär. «Geliň, energiýanyň planeta we adamzat bähbidine hyzmat edýän, hyzmatdaşlygyň bolsa ösüşe alyp barýan geljegi bilelikde guralyň!» diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew çykyşyny jemledi.

Başga makalalar
164a3bba25c3d7.jpg
Wenada OPEC-iň seminarynda energiýa howpsuzlygy, energogeçiş we maliýeleşdirme meseleleri maslahatlaşylar

Wenada Hofburg imperator köşgünde 5-6-njy iýulda OPEC-iň «Durnukly we inklýuziw energetiki geçişe tarap ýolda» atly 8-nji halkara seminary geçiriler.


164a50e57493a9.jpg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi.


164a3bc31bb26c.jpg
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy we polipropilen ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


164a50ebe7c887.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG agza döwletler bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitledi

Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.


164a26d9ce9d13.jpg
Arkadag şäherinde Halkara maýa goýum forumy geçirildi

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň ertesi, 30-njy iýunda täze şäheriň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi.