Çärjew etrabynyň gaz torlaryna ýokary hilli ideg edilýär

17:15 20.05.2021 6984

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2224/original-160a60db6c6e6d.jpeg

«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň «Çärjewetrapgaz» hojalyk guramasynyň gazçylary Çärjew etrabynyň ilatyny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleriň depginini artdyrýarlar. Bu günki gün turba geçirijiler arkaly «mawy ýangyç» 22,2 müňden gowrak ýaşaýyş jaýlaryna iberilýär.

Häzirki wagtda etrabyň çäklerinde gazçylar uzynlygy 950 km bolan dürli diametrli gaz geçirijilerine, şeýle hem 430-dan gowrak gaz sazlaýjylara we 41 sany gaz paýlaýjy desgalara ýokary hilli ideg edýärler. Işler ýerine ýetirilende ýangyn howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilýär.

Şu ýylyň geçen döwründe etrabyň çäginde uzynlygy 2 km bolan gaz geçirijiniň düýpli abatlaýyş işleri geçirildi, netijede onuň öndürijiligi düýpli ýokarlandy. Mundan başga, 12 sany ýaşaýyş desgalara tebigy gaz ýetirildi.

Başga makalalar
164e09e155e53f.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar

Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.


161b99cf32f319.jpeg
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar

Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


161b99c99a4f0e.jpeg
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.


16864f036552e3.jpg
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär

«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.


1686297c52240a.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.