Daşoguz welaýatynda gaz torlaryny gyş möwsümine taýýarlamak işleri başlandy
15:48 14.07.2021 16933
S.Türkmenbaşy etrabynda ýerleşen «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary welaýatyň ilatly nokatlaryny gaz bilen üpjün etmek hem-de gaz torlaryna ideg etmek bilen bir hatarda, gyş möwsümine taýýarlyk işlerine hem başladylar.
Abatlaýyş işleriniň maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi gazpaýlaýjy ulgama agram düşýän möwsümde ygtybarly hem-de bökdençsiz gaz üpjünçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Gyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde dürli basyşly 2450 km-den gowrak gaz geçirijileriň, 670-den gowrak gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalaryň anyklaýyş işleri geçirilýär. Kärhanalaradyr edaralara ideg etmekden başga-da, etrabyň çäginde 21 müň 700 töweregi hojalyklar ýerleşýär.
Hünärmenler gaz geçirijileriň meýilnamalaýyn hem-de düýpli abatlaýyş işlerini yzygiderli ýerine ýetirip gelýärler. Işgärleriň baý tejribesi we ýokary hünär taýýarlygy işleriň tutuş toplumyny tehniki kadalary berk berjaý edip ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Netijede, A.Kakabaýew, Gurbansoltan eje, Goşahowly geňeşliklerinde düýpli işler ýerine ýetirildi. Arzuw obasynda 273 mm göwrümli orta basyşly gaz torlaryny düýpli abatlamak işleri tamamlandy. Şular ýaly işleri Kirşenoý obasynda hem ýerine ýetirildi. BU ýerde abatlaýyş işleri 159 mm göwrümli pes basyşly gaz geçirijilerde ýerine ýetirildi.
Mundan başga-da, kärhananyň gazçylary Daşoguz welaýatynyň çet ýerlerinde ýerleşen ilatly nokatlaryny suwuklandyrylan gaz bilen üpjün eetmek boýunça birnäçe işleri geçirýärler.
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar
Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.