Mohammed Barkindo: OPEС energiýa geçiş şertlerinde dolandyryş düzümini gaýtadan bahalandyrmaly
13:28 14.07.2020 8430
COVID-19 pandemiýasy energetikany, klimatyň üýtgeýşini we ähtimal, geosyýasaty dolandyrmagyň gurluşyny gözden geçirmegiň gerekdigini subut etdi diýip, OPEC nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň baş kätibi Mohammed Barkindo hasaplaýar, muny INTERFAKS ýetirýär.“COVID-19-dan soň bize pudak hökmünde diňe bir geljekki ýaramaz ýagdaýlardan gaçmak üçin däl-de, eýsem energetika we klimatyň üýtgemegi nukdaýnazaryndan dünýäni dogry derejede goýmak üçin birnäçe aýyň tejribesine we dünýäniň başdan geçiren özgertmelerine esaslanmak bilen düzümiň haýsy görnüşlerini galdyrmagyň gerekdiginde jikme-jik durup geçmek gerek. Bize hakykatdan hem, klimatik çagyryşy bilen baglylykda geçişe taýýarlajak dolandyryjy gurluşy oýlap tapmak gerek” – diýip, ol IHS Markit-iň uly wise-prezidenti Karlos Paskual bilen söhbetdeşlikde aýdýar.Ýewrosoýuz ýangyjyň gazylyp alynýan görnüşi bolan nebiti ulanmagy bes etmegiň syýasatyny işläp düzdi. Energetika boýunça ÝS-yň komissary Kadri Simsonyň aýtmagyna görä, “biziň olara (hyzmatdaşlara) esasy habarymyz ÝS-yň maksadynyň 2050-nji ýyla çenli klimatik taýdan bitarap bolmagynda jemlenýär”. “Bu şol wagta çenli biziň gazylyp alynýan energiýa göterijileri ulanyşdan çykarjakdygymyzy aňladýar” – diýip, ol belleýär.Barkindo pandemiýanyň hem klimata, hem tutuş dünýädäki adamzat bileleşigine täsirini ýetirendigini belledi. “Biziň şol bir esasda dowam edip bilmejekdigimize käbir çaklamalar hereket edýär. Bizde häzir bar bolan gurluşlar (OPEK gatnaşyjy-ýurtlaryň arasynda önümçiligi kemeltmegiň göwrümi barada ylalaşmak bilen nebit bazaryny sazlaýar) biziň üçin laýyk gelip bilmez. Bu bizde bar bolan zatlaryň hemmetaraplaýyn bahalandyrylmasyny geçirmek üçin hiç hili päsgelçiliksiz bile ýygnanyşar ýaly pudaga, syýasatçylara, alymlara bolşy ýaly, bize-de bagly” – diýip, ol aýdýar.“Şu ýylyň sentýabrynda OPEK guramasyna 60 ýyl dolýar. Biz soňky 60 ýylyň içinde biziň hereketimizi – biz nämede ýitirdik, nirede aýratyn hereket etmelidik we biz geljekde çalt üýtgeýän dünýä nähili uýgunlaşmaly – şulary bahalandyrmak üçin bu mümkinçilikden peýdalanmaly” – diýip, guramanyň baş kätibi belleýär.
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki mümkinçilikleri has giň gerimde ulanylyp bilner — Türkmenistanyň DIM-i
Çarşenbe güni Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda sammitde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar
Şu gün, 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär diýip, TDH habar berýär.
Nebit gymmatlamagyny dowam edýär, Brent 117 dollardan ýokarda, WTI – 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesinde
Penşenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam etdi.