«Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşyk geçirildi

08:53 26.08.2020 4875

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/285/original-15f11395863629.jpeg

16-njy iýulda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşykda syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özarahereketler maslahatlaşyldy, diýip ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Duşuşykda garalan esasy meseleleriň biri hem durmuşyň ähli taraplaryna oňaýsyz täsir edýän dünýädäki pandemiýa ýagdaýy boldy. Ministrler COVID-19 ýokanjyndan dörän hassalyklaryň öňüni almak we bejermek barada toplan tejribeleri barada gürrüň berdiler we pikir alyşdylar. Taraplar pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek mümkinçiliklerine garadylar.

Öz çykyşynda, R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini nygtap, onuň çäklerindäki maslahatlaşma gurallaryny kesgitlemegi teklip etdi. Ol serişde, ykdysadyýet we ylym-senagat taýdan giň mümkinçiliklere eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge has uly goşant goşup biljekdiklerini nygtady.

Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar hem-de BMG-niň meýdançasynda özara goldaw bermegiň ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle hem owgan meselelerine hem-de Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleriniň ilerledilmegine ýardam bermek mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, Ministrler energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, hem-de ylym we lukmançylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça taraplar «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky Daşary işler ministrleriň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen birinji duşuşygynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.

Başga makalalar
168504dea33a47.jpg
Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ýakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Ylym-bilim geljegiň röwşen ýoly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.


1684ff57e91712.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebithimiýa önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.


1684fbca85109c.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýada halkara ykdysady forumda çykyş eder

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wise-premýer N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda gulluk iş saparynda bolar.



168504e495d615.jpg
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmekde ekologiýa howpsuzlygynyň ähmiýeti uludyr.