TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGÄ GATNAŞYJYLARA
10:24 21.09.2021 16475
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine berk ynanýaryn.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanylýan günlerinde giňgerim bilen guralýan bu sergi ösüşiň we özgerişiň aýdyň ýoluna düşen milli ykdysadyýetimizde we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüler.
Eziz watandaşlar!
Beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde giň gerim bilen gurlup, işe girizilýän, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar, olarda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümler bu gün halkara bazarlarda barha giň orun alýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Eziz adamlar!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalarymyz, düýpli özgertmelerimiz beýik maksada — Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, «Döwlet adam üçindir!» diýip yglan eden şygarymyzy iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Biz ýurdumyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris. Berkarar döwletimizi dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek baradaky syýasatymyzy doly derejede amala aşyrarys.
Hormatly adamlar!
Gadyrly ildeşler!
Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, mizemez türkmen döwletiniň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda sammitde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar
Şu gün, 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Başlygy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki mümkinçilikleri has giň gerimde ulanylyp bilner — Türkmenistanyň DIM-i
Çarşenbe güni Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.