Nebit koronawirusyň dermany baradaky gürrüňleriň netijesinde gymmatlaýar
09:19 26.08.2020 7152
Nebitiň etalon markalarynyň bahasy sişenbe güni koronawirusa garşy sanjymyň synaglarynyň oňyn netijeleri baradaky täzeliklerde aram ýagdaýda ýokarlanýar diýip, INTERFAKS agentligi habar berýär.
Brent nebitine sentýabr fýuçersleriniň bahasy ICE Futures london biržasynda moskwa wagty boýunça 8:14-e çenli barreline 43,40 dollara barabar boldy, bu bolsa geçen sessiýanyň jemindäki bahadan $0,12 (0,28%) ýokarydyr. Duşenbe güni bu şertnamalar $0,14 (0,3%) gymmatlady.
Awgust üçin WTI nebitine fýuçersler Nýu-Ýorkyň söwda biržasynyň elektron bazarynda şu wagta çenli bahasynda $0,03 (0,07%), ýagny barreline 40,84 dollara çenli ýokarlandy. Geçen bazarlaryň ýapylyşyna çenli bu şertnamalaryň bahasy $0,22 (0,5%) artdy.
WTI-niň awgust şertnamasy sişenbe gününde bazarlaryň ýapylmagy bilen möhletini tamamlaýar. WTI-niň sentýabr fýuçersiniň bahasy sişenbe güni irden $0,05 (0,12%) ýokarlanyp, barreline 40,97 dollara barabar bolýar.
Lancet žurnalyndaky bildirişe laýyklykda, Oksford uniwersiteti bilen AstraZeneca kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylýan koronawirusa garşy sanjym, deslapky maglumatlar boýunça, synagdan geçirilenlerde wirusa garşy immun jogabyny döretmäge kömek etdi.
Şol bir wagtda ylmy neşirde sanjymyň synaglaryny indi koronawirus boýunça howp astyndaky toparlarda, baglanyşykly geçýän keselli saglygy goraýyş gurşawynyň işgärleriniň hem-de garry adamlaryň gatnaşmagynda geçirilmelidigi bellenilýär.
Sanjymyň synaglarynyň birinji netijesiniň gowy täzelikdigine garamazdan, alymlar onuň gorag üçin ýeterlikdigini anyk aýtmaga heniz irdigini aýdýarlar diýip, Think Markets kompaniýasynyň analitigi Fawad Rasakzada belleýär.
Ol “soňky birnäçe hepdede nebitiň bahasynyň “juda parahat” bolandygyny we munuň ýakyn wagtda birden hereketiň başlajakdygyny görkezýändigini belleýär.
Şunuň bilen birlikde Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň liderleri dört gün dowam eden gepleşiklerden soň koronawirus pandemiýasyndan zyýan çeken ykdysadyýeti dikeltmegiň meýilnamasy hem-de Ýewropa Bileleşiginiň 2021-2027-nji ýyllar üçin býujeti boýunça ylalaşyga geldiler diýip, Ýewropa geňeşiniň başlygy Şarl Mişel habar berdi.
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki mümkinçilikleri has giň gerimde ulanylyp bilner — Türkmenistanyň DIM-i
Çarşenbe güni Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda sammitde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar
Şu gün, 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär diýip, TDH habar berýär.
Nebit gymmatlamagyny dowam edýär, Brent 117 dollardan ýokarda, WTI – 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesinde
Penşenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam etdi.