Nebitiň bahalary ýakynda gymmatlamadan soň, arzanlap başlady, Brent – 85,68
10:01 22.10.2021 47388
21-nji oktýabrda söwdalaryň dowamynda nebitiň bahalary arzanlap başlady diýip, Interfaks habar berýär.
Brent söwda belgili nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda 85,68 dollara barabar boldy, bu bolsa deslapky sessiýanyňkydan 0,16 göterim aşakdyr. Deslapky söwdalaryň netijesi boýunça bahalar 85,82 dollara barabardy.
WTI söwda belgili nebitiniň bahasy NYMEX biržasynda 83,41 dollara ýetip, 0,01 göterim aşaklady. Deslapky söwdalarda ol 83,42 dollardan satyldy.
Deslapky söwdalaryň barşynda ABŞ-nyň ýangyç ätiýaçlyklary baradaky maglumatlar bahalara goldaw berdi. ABŞ-da nebitiň harytlyk ätiýaçlyklary geçen hepdede 431 müň barrel azalyp, 426,54 mln barrele ýetdi diýip, energetika ministrligi habar berdi. Benzin ätiýaçlyklary 5,368 mln barrel azalyp, 217,74 mln barrele ýetdi.
Azerbaýjan we Indoneziýa energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär
«Azerbaýjanyň we Indoneziýanyň energetika ministrlikleriniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmäge taýýar edildi. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Pärwiz Şahbazowyň Indoneziýanyň öňki ilçisi Husnan Beý Fanani bilen geçiren wideoşekilli duşuşygynda bellenilip geçildi, diýip Azerbaýjanyň energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Shell kompaniýasynyň ýolbaşçysy uzakmöhletleýin meýilnamada nebitiň bahalarynyň ýokarlanjakdygyna ynam bildirdi
Nebit bazarynda birnäçe analitikleriň 2026-njy ýyl üçin çaklaýan artykmaçlyk ýagdaýynyň ýüze çykmagy "diýseň ähtimal", ýöne Shell kompaniýasy uzak möhletli geljekde nebit bahalarynyň ýokarlanmagyna ynanýar diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Wael Sawan maýa goýujylar üçin geçirilen telekonferensiýada aýtdy diýip, Interfaks habar berýär.
Gazagystanly senator Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmegi teklip edýär
Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň portlarynda Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmek gerek. Senatyň deputaty Suindik Aldaşew şeýle pikir edýär. Muny Interfaks – Gazagystan habar berýär.
OPEC+ duşuşygynyň öňüsyrasynda nebitiň bahalary ýokarlanýar, «Brent» 65,58 dollara ýetdi
Duşenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar. Şeýle hem şu hepdede nebit bazary OPEC+ ýurtlarynyň 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap nebit çykarylyşynyň derejesi baradaky täze çözgütlerine garaşýar, diýip Interfaks habar berýär.
Kazakh senator proposes to create a marine rescue service to clean up the Caspian Sea from oil spills
In the ports of the Mangystau region of Kazakhstan, it is necessary to create a marine rescue service to clean the Caspian Sea from oil spills, deputy of the Senate Suindik Aldashev believes, INTERFAX-KAZAKHSTAN reports.