«Türkmennebit» DK «Tatneft» bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar

09:14 11.03.2022 11815

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4124/original-1622998609b2b5.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konsernine Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Goturdepe nebitgaz ýatagynda iş alyp barmak boýunça goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Goşmaça ylalaşyk Goturdepe nebitgaz ýatagynda iş alnyp barylýan nebit guýulary bilen bilelikde 550-den az bolmadyk nebit guýularynda elin hyzmatlary ýerine ýetirmekligi göz öňünde tutýar.

Resminama “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran Kararyna laýyklykda, Goturdepe nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda baglaşyldy.

Başga makalalar
1622aecee1b51e.jpeg
Türkmenistanda 11-nji martda Prezident saýlawlaryndan öň «dymyşlyk güni» yglan edildi

Türkmenistanda penşenbe güni ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaryny hödürlemek boýunça saýlawçylar bilen duşuşyklary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň resmi saýty habar berdi.


164dc75f16ac8e.jpg
«Mawy ýangyç» Halaç etrabynyň sarp edijilerine bökdençsiz ýetirilýär

«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän esasy wezipeleriň biri hem ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek bolup durýar. Bu günki gün «mawy ýangyjyň» hözirini ýurdumyzyň çetki ilatly nokatlary hem görýär. Obalary we şäherleri gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleriň netijesinde tebigy gaz Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ilatly nokatlaryna hem bökdençsiz ýetirilýär.


1622aed634ec42.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilişi teleradioýaýlymlarda göni ýaýlymda berler

Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda ses berişlik Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde göni ýaýlymda görkeziler.


166ea818c4de4a.jpg
Türkmennistanyň Prezidenti Germaniýa bilen «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «ýaşyl» mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi we ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.


162298f7091e4c.jpeg
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar

Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge doly taýýar. Bu barada Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar žurnalistlere habar berdi diýip, TOLO news owgan habarlar agentligi habar berýär.