Aşgabatda ulag boýunça halkara maslahat 170-den gowrak daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini jemlär

12:15 16.07.2022 11368

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/5080/original-162d1457857f40.jpeg

Geljek duşenbe güni Aşgabatda sebit we sebitara gatnaşyklary berktimäge we ösdürmäge gönükdirilen ulag we üstaşyr geçelgeleri dikeltmeklige bagyşlanan Halkara maslahat geçiriler. “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatyna gatnaşjak delegatlaryň 400-den gowragy hasaba alyndy.

Bu iri halkara forumy 18-19-njy iýulda Aşgabatda geçiriler we oňa daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň 170-den gowragy, ýerli kompaniýalaryň 90-a golaýy gatnaşar. Çykyş etjekleriň arasynda Türkmenistan hökümetiniň we halkara guramalaryň, bilermenler jemgyýetiniň, döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleri bolar.

Maslahat Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda adaty we onlaýn görnüşde geçiriler. Şol bir wagtyň özünde çykyş edýänleriň we gatnaşýanlaryň köpüsi Zoom platformasynyň üsti bilen dünýäniň dürli künjeklerinden prezentasiýalara we çekişmelere gatnaşarlar.

Bu konferensiýa pikir alyşmak üçin, baglanyşyklylyk strategiýasyny, sanlaşdyrma syýasatyny we pudagy dekarbonizasiýalaşdyrmak (uglerod zyňyndylaryny azaltmak),  ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça iň gowy çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dürli ýurtlardan häkimiýet we işewürler toparlarynyň wekillerini, ýöriteleşen we bir ugurda iş alyp barýan kompaniýalary birleşdirer. Mundan başga-da, forum gyzyklanma bildirýän delegatlar üçin teklipleriň we taslamalaryň onlaýn ýa-da ýüzbe-ýüz ýagdaýda has jikme-jik gözden geçirilmegi üçin Türkmenistanyň ulag ulgamynda möhüm wezipeleri eýeleýän işgärler bilen aragatnaşyk gurmaga esas bolup hyzmat eder.

“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly maslahat “kümüş” hemaýatkärleri bolan “Türkmen Ak Ýol”, Ynamly ýol hyzmaty”, “Altyn döwür”; “bürünç” hemaýatkärleri – THADA,  “UlagExh”, “Mermer Kenar”, “At Abraý” ýaly türkmen kompaniýalarynyň hem goldawyna eýe boldy.

Halkara maslahat Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy boýunça guralýar. Esasy guramaçylaryň hatarynda "Türkmendemirýollary", "Türkmenawtoulaglary", "Türkmendeňizderyayollary", "Türkmenhowaýollary" we Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi bar.

Maslahat Türkmen  logistik assosiasiýasy we «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Goşmaça maglumat almak üçin we maslahata onlaýn görnüşde gatnaşmak üçin (hasaba alyş möhleti 17-nji iýula çenli) forumyň web-sahypasyna giriň.

Başga makalalar
162fc9092bf5cc.jpeg
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.


167c55bf58468f.jpg
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.


162fc8af2dec34.jpeg
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.


162fddc19b1166.jpeg
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.


167c55c4033a7e.png
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.