«Türkmengaz» DK «Трубная металлургичeская компания» kompaniýasyndan önümleri satyn alar

17:11 26.09.2022 5537

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/5611/original-1633152319cd48.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserni dürli görnüşli turba önümlerini satyn almak barada «Трубная металлургичeская компания» (Russiýa Federasiýasy) jemagat paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşar.

Munuň üçin ygtyýar berýän degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni gol çekdi. Bu resminama ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de “Türkmengaz” döwlet konsernini zerur bolan dürli görnüşli turba önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Başga makalalar
167c55c4033a7e.png
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


162fc9092bf5cc.jpeg
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.


167c55bf58468f.jpg
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.


162fc8af2dec34.jpeg
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.


162fb3bbd688e4.jpeg
Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada döwlet Baştutany 15-nji awgustda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.