Türkmenistanda ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy dabaraly bellenildi
14:57 28.09.2022 11948
Türkmenistanda ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy baýramçylyk dabaralaryna beslenilip bellenildi.
Irden Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow, Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Soňra Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabaraly harby ýöriş we ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän awtoulaglaryň toparlary geçdi. Dabara göni ýaýlymda milli teleýaýlymlaryň ählisinde görkezildi.
Dabara harby ýöriş bilen başlanyp, ony baýdakçylar topary açdy; olar Döwlet münberiniň öňünden Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny ellerinde tutup geçip, harby gullukçylaryň dabaraly ýöriş bilen geçmeginiň başyny başladylar. Şeýle hem meýdançada gurnalan uly ekranlarda şol bir wagtda Türkmenistanyň Balkan welaýatynda geçirilen harby-deňiz ýörişi görkezildi. Soňra milli goşunyň ýaraglanyş düzüminde duran iň täze harby tehniklarynyň görkezilişi boldy hem-de howa ýüzünde dürli kysymly uçarlaryň uçuşy görkezildi.
Çäre döredijilik toparlarynyň çykyşlary we Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistranyň halk hojalyk toplumynda gazanylan üstünlikleriň görkezilmegi bilen dowam etdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň baş baýramçylygy mynasybetli dürli maksatly desgalary ulanyşa girizmek dabaralary hem geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylara baýramçylyk gutlagynda bellenilişi ýaly, «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr».
Baýramçylyk gutlagynda Serdar Berdimuhamedowyň şeýle hem belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi».
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy “Merkezi Aziýa-ÝB” sammitiniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.