Oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahaty we sergisi geçiriler
15:01 29.09.2022 3611
2022-nji ýylyň 26-28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Çäräniň guramaçylary bolup «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda GaffneyCline britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde çykyş edýär. Bu barada forumyň guramaçylarynyň metbugat beýanynda aýdylýar.
Maslahatyň we serginiň maksady energetika bazarynyň mundan beýläk hem durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny berkitmek, dünýä we sebit energetikasynda soňky tendensiýalara syn bermek, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.
Çäräniň täzeçilligi maslahat bilen ugurdaş geçiriljek serginiň täze ideýalar bilen üsti ýetirilen formatydyr. Sergide şu ýyl hödürleniljek täze elementler Türkmenistanyň nebitgaz toplumy bilen hyzmatdaşlygy we özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdiriler.
Maslahatyň we serginiň çäklerinde işewür duşuşyklar işewür gatnaşyklary ýola goýmak, biziň mümkinçiliklerimizi görkezmek, üçin oňat meýdança bolar.
Maslahatyň maksatnamasy şu aşakdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdiriler:
· energoulgamyň geljegi: täze çagyryşlar we mümkinçilikler;
· Türkmenistanyň gury ýerde energetika toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri;
· Täze eýýamyň energetikasy: içerki we sebit ösüşiniň geljegi;
· Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň ekologiýa jähtleri;
· Nebitgaz ylmynda we biliminde innowasion tehnologiýalar we nou-haular.
Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy energetika ýurtlarynyň habatryna girmek bilen, uglewodorod çig mal gorlarynyň ägirt uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, dünýäniň energetika bazarynda esasy gatnaşyjylaryň biridir. Gaz ätiýaçlyklarynyň gory boýunça biziň ýurdumyz bu günki gün dünýäde dördünji orny ynamly eýeleýär. «Galkynyş» gaz käniniň halkara auditi türkmen topragynyň baýlygyny subut etdi. «Ýaşlar» we «Garaköl» känleri bilen bilelikde, onuň ätiýaçlyklary 27,4 trln kub metr gaz möçberinde bahalandyrylýar.
Türkmen tebigy gazynyň ibermeleriniň esasy möçberi Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üs şahasy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär. Mundan başga-da, demirgazyk ugurda Russiýa Federasiýasyna we günorta ugurda Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyna iberilýär.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy işjeň durmuşa geçirilýär. COVID-19 pandemiýasynyň täsirine we ondan soňky dünýä bazaryndaky üýtgeşmelere garamazdan, TOPH ýurtlary bu taslamany goldamagyny dowam edýär. Uzynlygy 1853 km boljak turba geçirijisi Türkmenistanda Galkynyş käninden Owganystanda üç sany nokada, Pakistanda üs nokada we hindi bazaryny üpjün etmek üçin pakistan-hindistan serhedinden bir nokada ýylda 33 mlrd kub metr möçberinde iberiler. Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň göni bölegi ulanyşa girizilýär.
Türkmenistan göni maýa goýumlaryny çekmeklige möhüm ähmiýet berýär. Häzirki wagtda Önümi paýlaşmak hakynda şertnamalaryň çäklerinde «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» «Eni Turkmenistan Limited», «PETRONAS» «CNPC» we beýleki daşary ýurt kompaniýalary Hazar deňziniň kenarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň gury ýer çäklerinde hem uglewodorod serişdelerini çykarmak işini alyp barýarlar.
Şu ýylyň maslahatynyň üns merkezinde Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky deňiz bloklarynda uglewodorod serişdelerini özleşdirmek üçin maýa goýumlaryny çekmeklige gönükdiriler.
Şeýle hem 2021-nji ýylyň ýanwarynda gol çekilen Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Hazar deňzinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has ýokary derejeä çykarmaga ýardam eder. Bu käniň üstünlikli özleşdirilmegi Hazar sebitiniň uglewodorod eksport mümkinçiliklerini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Tebigy gazyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen ugurdaş häzirki wagtda Türkmenistanda ony çuňlaşdyryp gaýtadan işlemeklige aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda birnäçe gazhimiýa zawodlary we toplumlary ulanyşa girizildi, ýakyn wagtda bolsa ýokary goşulan bahaly, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmek üçin ýene-de birnäçe kärhanalary gurmak meýilleşdirilýär.
Iki ýyllyk arakesmeden soň OGT 2022 Guramaçylyk komiteti wekilleri Aşgabatda ýüzbe-ýüz garşy almaga şatdyr. Halkara wekilleriň rahatlygy üçin Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça çarter uçuşy amala aşyrylarý. Maslahat şeýlehem Zoom platformasynyň üsti bilen hem onlaýn geçiriler. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýokary ýolbaşçylygy bilen hem duşuşyklary ýüzbe-ýüz görnüşde bolşy ýaly, onlaýn hem geçirmek göz öňünde tutulýar.
Maslahata we sergä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň bolşy ýaly, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, şeýle hem iri halkara maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşar.
Has jikme-jik maglumat almak üçin şu saýta girip görüň: www.ogt-turkmenistan.com ýa-ada «Turkmen Forum» topary bilen şu elektron salgy boýunça habarlaşyň info@turkmen-forum.com ýa-da telefon: +993 62110069.
Bilermen Türkmenistanda kükürt önümçiliginiň we eksportynyň geljegi barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň gazhimiýa pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem kükürt önümçiligi we eksportydyr. Russiýadan, Şweýsariýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan kompaniýalarda bu önüme bolan isleg artýar diýip, tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasow hasaplaýar. Bu barada ol CentralAsia.news neşirine beren interwýusynda belleýär.
Nebitgazylmytaslama YBI-niň alymlary uglewodorodlaryň çykarylyşyny kämilleşdirmek üçin oýlap tapyşlaryny ornaşdyrdylar
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Nebitgazylmytaslama ylmy-taslama barlag institutynyň alymlary plast suwlaryny arassalamak boýunça işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrdylar.
Arkadag we Aşgabat şäherlerini elektrikli otly birleşdirer
“Akylly” şäher Arkadagy we ýurdumyzyň paýtagtyny Türkmenistanda hereket etjek ilkinji elektrikli otly birleşdirer. Otly bu aralygy bary-ýogy 18 minutda geçer.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça maslahat geçirdi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatynda türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy.