TNGIZT-niň nebit önümlerini eksport we marketing müdirligi işini bes etdi
15:47 13.10.2022 5480
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit önümlerini eksport we marketing müdirligi işini bes etdi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň sahypalarynda habar berildi.
Müdirligiň karz berijileri talaplaryny beýan etmek üçin bellenilen tertipde degişli salgy boýunça Müdirligiň işini ýatyrmak boýunça topara ýüz tutmaly: Aşgabat, 1939-njy köçe (Arçabil şaýoly), 56 j., 23-nji gat.
TNGIZT-niň düzüminde nebit önümlerini eksport we marketing müdirligi 2005-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen döredildipdi.
TDHÇMB-niň birža söwdalary: TNGIZT-niň önümleri eksporta we içerki bazara ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Ýaponiýa ugrady
13-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady diýip, TDH habar berýär.
Ýokary netijelilige beslendi
Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ýaş alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly seminary geçirildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde dowam eden seminarda ylmy garaýyşlara hem-de bu ugurda özara pikir alyşmalara giň orun berildi.
Halkara hil standartlary – halkara maslahatyň we serginiň merkezinde
29-njy aprel – 1-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat (QACIS 2025) hem-de «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka (ITSE 2025) geçiriler.
Sekiz aýyň jemlerine garaldy
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.