Türkmenistanyň Prezidenti: «Merkezi Aziýa + Russiýa» hyzmatdaşlyk formatynda ykdysadyýet ileri tutulýan ugur bolup durýar
18:10 17.10.2022 6454
«Merkezi Aziýa + Russiýa» altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysadyýet ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Bu pikiri Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitiniň barşynda belledi.
«Biz bu babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika, senagat kooperasiýasy, dokma önümçiligi, obasenagat toplumy, logistika, täze tehnologiýalar, sebit söwdasy ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutany nygtady.
«Şeýle-de ýurtlarymyzyň işewürlerini has ysnyşykly hyzmatdaşlyga höweslendirmegiň zerurdygy, hemişelik hereket edýän «Merkezi Aziýa — Russiýa» işewürler düzüminiň döredilmeginiň başyny başlamak mümkinçiligi bu ulgamlarda esasy teklipleriň hatarynda görkezildi. Onuň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine garalyp bilnerdi» diýip Serdar Berdimuhamedow belledi.
Ýurtlarymyzyň çäklerinde ulag gatnawlarynyň we üstaşyr geçirmegiň köpşahaly düzümini gurmak arkaly döwrebap, üstaşyr ulag, kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şol ulgamlar dünýä ummanyna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alar diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna, şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde Demirgazyk-Günorta taslamasyny durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
Ýaş himikleriň bäsleşigi jemlenildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan guralan «Zehinli ýaş himikler» atly bäsleşik jemlenildi.