Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara maslahaty öz işine başlady

17:42 26.10.2022 11047

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/5858/original-1635a301b2b328.jpeg

Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda  «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Şu ýyl nebitgaz forumy dünýäniň 45 ýurdundan 500-den gowrak wekili ýygnady. Şolaryň arasynda döwlet düzümleriniň, milli we halkara kompaniýalarynyň, ylmy merkezleriň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, halkara guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bar.

Maslahatyň başynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.

Soňra “Energiýanyň geljegi -  garaýyşlar we mümkinçilikler” diýen umumy mejlisde başlandy. Mejlisde Türkmenistanyň Döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet korporasiýasynyň başlygy Batyr Amanow,  «ENOC Link LLC» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Oliwer Stin, «GaffneyCline» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Floran Russe çykyş etdi.

Onlaýn görnüşde CNPC hytaý kompaniýasynyň prezidenti Hou Szinsýuanyň, «SOCAR Trading S.A.» azerbaýjan kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Marýam Almaszadeniň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça Halkara agentliginiň (IRENA) sebit direktory Binu Partanyň, Ýewropa Energetika hartiýasynyň baş sekretary Gi Lensiň çykyşlary goýberildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bilermenleriň belleýişleri ýaly, häzirki forum energetika diplomatiýasynyň ýagdaýlaryna we geljekki ösüşine, energetika ulgamynyň pandemiýadan soň täzeden dikeldilişine, energetika bazarlarynyň häzirki ýagdaýyna baha bermäge mümkinçilik berýär.

Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän hem-de uzakmöhletleýinlik, açyklyk, milli bähbitleri we ähli taraplaryň özara jogapkärçiligini nazarda tutmak ýörelgelerinde syýasatyny amala aşyrýan döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy nygtaldy.

Forumyň birinji gününde şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak we täzelerinde gazylyp alnyşyny işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garalar. Bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Gaffney Cline», «Dragon Oil», «Eni S.p.A», «Schlumberger Logelco, Inc.», «Trans Caspian Resources, Inc» kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çykyşlaryna garaşylýar.

Ertir forum öz işini dowam eder. 

Başga makalalar
167c55c4033a7e.png
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


162fc9092bf5cc.jpeg
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.


167c55bf58468f.jpg
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.


162fc8af2dec34.jpeg
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.


162fb3bbd688e4.jpeg
Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada döwlet Baştutany 15-nji awgustda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.