Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynda, ulag we senagat ulgamlarynda türki döwletler bilen özara gatnaşyklaryň möhümligini nygtaýar

14:30 11.11.2022 6265

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/5992/original-1636de66a3eb99.jpeg

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň agza-döwletleri bilen  ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümligini nygtaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew penşenbe güni Samarkant şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 9-njy duşuşygynda eden çykyşynda belledi diýip, türkmen DIM-niň saýty habar berýär.

«Biziň ýurdumyz özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine, şeýle-de deň hukuklyga esaslanyp dünýäniň ähli ýurtlary bilen, şol sanda TDG-nyň agza ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk edýär» diýip. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew öz çykyşynda aýtdy.

Taraplar söwda-ykdysady ugurda özara gatnaşyklaryň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, gepleşikleriň dowamynda türki ýurtlaryň arasynda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat pudaklarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Wengriýanyň daşary işler ministrleri, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasarylary, şeýle hem TDG-nyň Baş sekretary gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebitleýin we halkara gün tertibindäki möhüm meselelerine garadylar we guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar anna güni Samarkantda TDG-nyň sammitinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryna garadylar.

Türkmen tarapyna sammitde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilik eder.

Başga makalalar
167ef788e52432.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy “Merkezi Aziýa-ÝB” sammitiniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


167ef73cc8e564.jpg
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar

3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.


167ef7d8e98a24.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1631823da01e93.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.


16316ee907f1fc.jpeg
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz

Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.