Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de täze desgalaryň gurluşygyna badalga berdi
10:17 11.09.2020 9978
Çarşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Bu taslamanyň çäklerinde zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berildi. Zawodlar toplumy üçin möhüm ähmiýeti boljak bu desgalaryň gurluşygyny Türkiýe Respublikasynyň “Çalyk Enerji” kompaniýasy amala aşyrar. Täze desgalar Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen örän kämil enjamlar bilen üpjün edilip, 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.
Bu täze desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi zawodlar toplumynda ozal hereket edip gelýän hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda göz öňünde tutulyp, geljekde işe giriziljek tehnologik desgalary elektrik energiýasy bilen üznüksiz hem-de ygtybarly üpjün etmäge ýardam eder diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şolaryň biri hem häzirki döwürde zawodlar toplumynda gurluşygy alnyp barylýan haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýa desgasydyr. Bu desganyň işe girizilmegi nebiti düýpli gaýtadan işlemegiň hilini has-da ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň zerur möçberlerini öndürmäge we goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Şular ýaly möhüm taslamalar durmuşa geçirilende biz ekologiýa talaplaryna, önümçilige ösen tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris diýip, Prezident belledi.
Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar, ulanmaga berilýän we gurluşygy alnyp barylýan döwrebap desgalardyr binalar milli ykdysadyýetimiziň ösüşini çaltlandyrmaga, mähriban halkymyzyň abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Dabarada çykyş eden “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyk Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 29 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Biz taryhy Watanymyz Türkmenistan bilen energetika ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygymyza çäksiz buýsanýarys diýip, Ahmet Çalyk täze taslamany bellenilen möhletinde tamamlamak üçin ähli tagallalary etjekdigine Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.
“Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) ýolbaşçysy Wagit Alekperow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze elektrik desgalarynyň düýbüniň tutulmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň Türkmenistan üçin möhüm waka boljakdygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, işläp gelýän ýyllarynyň dowamynda “Lukoýl” kompaniýasy öňdebaryjy tejribeleri, bilimleri we tehnologiýalary, şol sanda Hazar ýalpaklygyny özleşdirmekde tejribe toplady we Türkmenistanyň senagat kuwwatyny güýçlendirmäge ýardam etjek özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.
Soňra ýygnananlara Merkezi Aziýanyň hem-de Hazar sebitiniň örän iri senagat kärhanalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik mümkinçilikleri bilen gysgaça tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň konseptual strategiýasynyň” tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek boýunça bäsleşik geçirilýär.
TNGIZT-niň we SNGIZ-niň mümkinçilikleri içgin seljeriler, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary, şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň mümkin bolan görnüşleri kesgitleniler.
Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologiýa desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär, olar nebiti çuňňur gaýtadan işlemegiň derejesini 90 göterimden ýokary görkezijä çenli ýetirmäge mümkinçilik berer. Şol desgalaryň hatarynda dizel böleklerini we benzinleri gidroarassalamagyň, katalitik kreking we wodorod önümçiligi bolan toplumly kokslamak desgalar toplumy; nebiti gaýtadan işlemegiň önümleriniň agyr galyndylarynyň katalitik kreking desgasy, şeýle hem binýatlaýyn tehniki ýokary hilli ýaglaryň önümçiligi boýunça enjam bar.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.