Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny berkitmekde Sindzo Abeniň tagallalaryny belledi
22:51 13.09.2020 9844
Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan hem-de yzygiderli ösýän dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň berkidilmegine berýän ünsi we goldawy üçin Premýer-ministr Sindzo Abä minnetdarlyk bildirip, ýokary derejede ýola goýlan yzygiderli gatnaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin mäkäm esas bolup durýandygyny belledi.
Türkmen Lideri Imperator Naruhitonyň tagta çykmak dabarasyna gatnaşmak maksady bilen, geçen ýylyň oktýabrynda Tokio amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany bilen bolan duşuşygyny aýratyn mähir bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Sindzo Abe Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara giňişlikde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dünýäniň hem-de sebitiň abraýly guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda döwrebap nebitgaz we gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça üstünlikli amala aşyrylan taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
— Biz geljekde hem ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň işlerini goldamak bilen, maýa goýum işjeňligi üçin amatly şertleri dörederis – diýip Prezident belledi.
Türkmenistanda jenap Sindzo Abeniň saglyk ýagdaýy sebäpli Premýer-ministriň wezipesinden gidýändigi baradaky habary düşünmek bilen kabul etdiler diýip, milli Liderimiz öz söhbetdeşine bilelikdäki işler hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şunda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de Ýaponiýanyň täze Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.
Sindzo Abe Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň wezipesini eýelejek ýolbaşçynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi dowam etjekdigine ynam bildirip, türkmen Liderine döwletara gatnaşyklara hem-de ýokary derejedäki hoşniýetli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna berýän ünsi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.