PETRONAS kompaniýasy «Türkmengaz» DK-nyň ýardam bermeginde Malaýziýadan Türkmenistana çarter uçuşyny gurady

22:26 18.09.2020 7979

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/695/original-15f61dedee9346.jpeg

Türkmenabadyň Halkara howa menziline «Malaýziýa howa ýollarynyň» uçary gondy. Ol Malaýziýanyň raýatlary bolan Petronas kompaniýasynyň hünärmenlerini, şeýle hem koronawirus pandemiýasy zerarly gatnawlaryň ýatyrylmagy netijesinde bu ýurtda galan türkmen raýatlaryny getirdi.

«Ýörite uçuş Petronas kompaniýasy tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň, şeýle hem Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde  guraldy. Bu ýörite uçuş Taýýar önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga laýyklykda, PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistanda nebit amallaryny amala aşyrýan hünärmenleriniň meýilleşdirilen dolanyşygyny üpjün etmek maksady bilen guraldy» diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Kuala-Lumpur — Türkmenabat ýörite uçuşyna münülende, sanitariýa we epidemiologik protokolyň termometriýa, PCR synagynyň netijesiniň bolmagy we ýolagçylaryň arasyndaky fiziki aralygy saklamak ýaly ähli talaplary ýerine ýetirildi.

BSGG-niň we Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary toparynyň tekliplerine laýyklykda, Malaýziýadan çarter uçuşynda gelen ýolagçylaryň ählisi hökmany iki hepdelik karantini geçerler.

Belläp geçsek, «Petronas» Türkmenistanda özüni iri nebitgaz çykarýan we «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» («PÇ(Т)SB») garamagyndaky kompaniýasynyň üsti bilen tebigy gazy satýan kompaniýa hökmünde tanatdy.

Kompaniýa Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebit känlerini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Petronas ýigrimi ýyldan gowrak mundan öň «Blok 1» şertnamalaýyn çäginde taýýar önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekip, Türkmenistanda öz işine başlady.

Hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynyň hatarynda Türkmenistandan talyplary «Petronas» tehnologiýa uniwersitetinde okatmagyň we hünär taýdan kämilleşdirmegiň maksatnamasyny agzap bolar.

1998-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän bu maksatnamanyň çäginde 152 sany türkmen talyby Malaýziýada «Petronas» tehnologiýa uniwersitetinde bilim almaga mümkinçilik aldy. Häzirki wagtda Türkmenistandan 36 talyp Malaýziýanyň bu abraýly ýokary okuw mekdebinde bilim alýar.

Başga makalalar
16317196568665.jpeg
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.


1631823da01e93.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.


16316ee907f1fc.jpeg
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz

Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.


163186277513ce.jpeg
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.


167ee33f4408f5.jpg
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.