Gurbanguly Berdimuhamedow Suga Ýosihideni Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady
09:44 18.09.2020 7412
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Suga Ýosihide Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Siziň ýolbaşçylygyňyzda Ýaponiýanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde täze sepgitlere ýetjekdigine, şeýle hem halkara giňişlikde öz at-abraýyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn” diýip, türkmen Lideri öz hatynda nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, soňky ýyllarda üstünlikli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny aýratyn nygtady.
«Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz has giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Strategik häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, hatda aýdylýar.
Belläp geçsek, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem nebitgaz toplumydyr. Ýapon kompaniýalary ýurdumyzda uglewodorodlary gaýtadan işlemek hem-de nebit we gazhimiýanyň taýýar önümlerini öndürmek boýunça iri kärhanalary gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşdy.
Olaryň hatarynda — tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de ЕСО-93 ekologiýa taýdan arassa sintetik benzini öndürmek boýunça iri gaz himiýa toplumy bar. Ol 2019-njy ýylyň iýun aýynda Ahal welaýatynda işe girizildi. Bu taslama «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy.
Şu ýylyň awgustynyň ahyrynda «Türkmengaz» DK-nyň hem-de “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň geçiren duşuşygynda nebitgaz ulgamynda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.