Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň agzalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

18:36 06.04.2023 10559

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/7284/original-1642e5d67d8037.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçygylynda ABŞ-nyň işewür toparlarynyň agzalary bilen çarşenbe güni geçiren duşuşygynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Amerikan tarapyndan duşuşyga “General Electric Gas Power» kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razan, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkon, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Riz, “Smartmatic” kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de Baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugikan, “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenko hem-de “UGT Renewables” kompaniýasynyň amallar işi boýunça wise-prezidenti Dýuk Gim bar.

Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysynyň amerikan telekeçileriniň wekiliýetine baştutanlyk edip gelmegine ýurdumyzda ABŞ-nyň işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandyklary hökmünde garalýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Aşgabatda bolan mahalynda amerikaly hyzmatdaşlaryň türkmen kärdeşleri bilen duşuşmagy hem-de özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmaklary üçin oňat mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.

Şunda taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda, maýa goýum işi, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi. Bu topar Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda indi ençeme ýyllaryň dowamynda maksada okgunly işleri alyp barýar. Işewürlik geňeşi döredileninden bäri geçen 15 ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täsirli guralyna, iki ýurduň ykdysady toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek we pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Onuň düzümine girýän iri amerikan kompaniýalary türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işleýärler. Işewürlik geňeşiniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge islegi hem-de täze, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýän agzalarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygy bellärliklidir.

Türkmenistanda halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirilen ygtybarly kanunçylyk binýady, dürli ulgamlarda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has amatly şertler döredildi. Şol ulgamlaryň hatarynda nebitgaz, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumy, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamlary bar.

Şeýle hem sport ulgamynda, ugurdaş infrastrukturalary döretmek, hususan-da, golf ýaly sportuň dünýäde meşhur görnüşi üçin infrastrukturalary döretmek ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin oňyn mümkinçilikler bar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen birlikde, özara kuwwatyň has giň gerimde ulanylyp bilinjekdigi äşgärdir. Türkmenistan amerikan kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýar. Ýurdumyz bu hyzmatdaşlygy höweslendirmegi göz öňünde tutýar.

Işewürler döwlet Baştutanyna bildirýän ynamy hem-de çuň manyly söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Başga makalalar
167c55c4033a7e.png
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


162fc9092bf5cc.jpeg
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.


167c55bf58468f.jpg
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.


162fc8af2dec34.jpeg
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.


162fb3bbd688e4.jpeg
Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada döwlet Baştutany 15-nji awgustda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.