Türkmenistan we ABŞ hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasyny» we dürli derejedäki özara saparlary guramak boýunça teklipleri işläp taýýarlar

12:37 03.05.2023 7506

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/7541/original-164520897733b5.jpg

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny”, gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin teklipleri, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda guraljak dürli derejedäki saparlaryň Çarçuwaly meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipleri makullady.

Bu teklipler döwlet Baştutanynyň garamagyna geçen duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Raşid Meredow hödürledi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy hem-de türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň her ýylky nobatdaky mejlisini geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy.

Saparyň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň meseleleri, hususan-da, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. ABŞ-nyň kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen oňyn tejribesi nazara alnyp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin alnyp barylýan işleriň işjeňleşdirilmelidigi, şunda öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň we innowasion çemeleşmeleriň esasy ugur bolmalydygy bellenildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň energetika meseleleri boýunça kömekçisi, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory hem-de bu geňeşiň agzalary bolan amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Smithsonian institutynyň Aziýa sungaty milli muzeýiniň müdiri bilen duşuşyklary geçirdiler.

Döwlet Baştutany beýan edilen teklipleri makullap, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Ol soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz gerimine almak bilen, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ugurda bilelikdäki işewürlik geňeşine aýratyn orun degişlidir. Ol özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi.

Serdar Berdimuhamedow köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda uly tejribe toplanandygyny hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýeterlik kuwwatyň bardygyny aýdyp, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Başga makalalar
164f97116c9b62.jpg
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164fb17f25918b.jpg
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


164f970bf2995e.jpg
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar

TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.


164fb179206a39.jpg
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.


164f876a934033.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.