“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy halkara tender yglan edýär: 08.05.2023 - 20.06.2023

17:42 08.05.2023 2249

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda kesgitleýän toparyň adyndan 2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň №85 (30456) sanynda neşir edilen maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №02/22 belgili halkara tenderiň möhletini uzaldýar. 

Lot №3 – Elektriki, geofiziki, gözegçilik we ölçeg enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallar.

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmengeologiýa” DK edarasyna:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin 500 amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda habar berilýär.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, “Türkmengeologiýa” DK-nyň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. 

Ähli zerur maglumatlary we lotlaryň häsiýetnamasyny ýükläp almak üçin internet saýtlary: http://www.tmgeology.gov.tm/  we/ýa-da  http://www.oilgas.gov.tm/ 

Bäsleşik teklipleri Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56 salgy boýunça “Türkmengeologiýa” DK edarasyna tabşyrylmaly. 

Bäsleşik tekliplerini kabul etmegiň möhleti 2023-nji ýylyň 20-nji iýuny, ýerli wagt bilen 12:00 çenli uzaldylýar.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-34-52, 40-34-54.

Faks: 40-34-53.

Elektron salgylary: turkmengeology@online.tm we marketing@tmgology.gov.tm 

Başga makalalar