«Gazprom»: ýylyň jemi boýunça tebigy gazyň ortaça eksport bahasy 130 amerikan dollaryna golaýlar
19:19 01.10.2020 8924
Ýewropada tebigy gazyň bahalarynyň ýokarlanmagynyň netijesinde «Gazprom» şu ýylyň jemleri boýunça onuň ortaça eksport bahasyny 1 müň kub metrine 120-130 amerikan dollary möçberinde bolmagyny çaklaýar. TASS agentliginiň belleýşi ýaly, bu barada «Gazprom eksportyň» şertnamalary düzgünleşdiriş we nyrh çykaryş müdirliginiň başlygy Sergeý Komlew nebitgaz toplumynyň geljegi barada onlaýn gepleşikleriň dowamynda aýtdy.
«Biz 2020-nji ýylda ortaça bahanyň bir müň kub metriň 120-130 amerikan dollaryna deň boljakdygy baradaky çaklamamyzy tassyklaýarys. Kä ýerlerde baha ABŞ-nyň 130 dollaryna golaý barar» - diýip ol aýtdy.
Şol bir wagtda, Komlewiň sözlerine görä, kompaniýa ýylyň ahyryna çenli eksport boýunça meýilnamalaryny 170 mlrd kub metr gazdan az bolmadyk derejede saklaýar.
Gazyň bahalarynyň dessine ýokarlanmagyna geçen hepdäniň ahyrynda Ýewropa aralaşan ilkinji güýz sowugy täsir etdi. Üstesine, ýylyň bu möwsümi üçin adatdakysyndan has pes temperaturaly howa. Interfaksyň maglumatlaryna görä, görkezijileriň häzirki ýeten derejesi 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň başyndan bäri iň ýokary dereje bolup durýar. 21-nji maýda hasaba alnan bir müň kub metri üçin taryhy minimum bolan 34 dollarlygyndan, «mawy ýangyjyň» bahasy 4,4 esse ýokarlandy.
Bu depgin Merkezi Aziýa sebitinden, şol sanda Türkmenistandan tebigy gaz eksportçylary üçin hem amatlydyr. Mundan öň, käbir rus bilermenleri maýyl gyş zerarly Ýewropada gazyň bahalarynyň arzanlamagy hem-de Ýewropa bazarlarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň agdyklyk etmegi «Gazproma» Merkezi Aziýa ýurtlaryndan «mawy ýangyç» almasyny azaltmaga ýa-da el çekmäge mejbur eder diýip belleýärdiler.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.